Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň serhedinde ýaragly çaknyşyk barýar, taraplar birek-biregi prowakasiýada aýyplaýar

0
Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň serhedinde ýaragly çaknyşyk barýar, taraplar birek-biregi prowakasiýada aýyplaýar

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň serhedinde ýaragly çaknyşyk barýar. Bişkek Duşenbäni ylalaşygy bozmakda we “haýyn hüjümde” aýyplaýar. Duşenbe bolsa gyrgyz harby gullukçylarynyň birnäçe täjik ilatly nokatlaryny oka tutandyklaryny aýdýar. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi Täjigistana protest notasyny berdi.

Ýaragly çaknyşyk gyrgyz-täjik döwlet serhediniň ähli perimetrinde bolup geçýär diýip, Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň Serhet gullugy habar berdi. Edaranyň metbugat gullugyna görä, täjik tarapy Batken welaýatynyň Leýlek etrabynyň Kulundu, Maksat we Žany-Žer obalaryna ot açyp başlady. Serhet gullugynyň serhetçileri gaýtawul berýär diýip, habarda bellenilýär. Gyrgyzystan serhet ýakadaky Batken etrabyndan ýerli ýaşaýjylary ewakuasiýa edýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy habar berýär.

Gyrgyz tarapy Täjigistany ylalaşygy bozmakda we “haýyn hüjümde” aýyplady.

“Täjigistanyň häkimiýetleri ýagdaýa gözegçilik edip bilmeýärler, üstesine ýaragly çaknyşygyň möwjemegine goşant goşýarlar” diýip, Döwlet howpsuzlyk komiteti belledi. Serhet gullugy Täjigistany “ot açmagy bes etmäge we ähli güýjüni ýaragly çaknyşygy gowşatmak üçin gönükdirmäge” çagyrdy.

Öz gezeginde, Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň Serhet goşunlary gyrgyz tarapyny çaknyşyga başlamakda aýyplady. Olaryň maglumatlaryna görä, irden 4:50 töwereginde gyrgyz serhetçileri agyr söweşjeň ýaraglary ulanyp, “Duşenbe” serhet galasyna ot açdy.

“Munuň bilen bir hatarda, Gyrgyzystanyň harby gullukçylary agyr harby tehnikalary ulanyp, Isfara şäheriniň Hojai Alo, Kummazor, Surh, Somonien, Kulkand ilatly nokatlaryna we Babajan Gafurow etrabynyň Histewraz we Owçihalaç obalaryna ýaragly hüjüm etdiler” diýip, “Howar” habar agentligi Täjigistanyň Serhet goşunlaryny sitirleýär.

Taraplar birek-biregi ýaraşyk şertnamasyna garamazdan, serhetde atyşygy dowam etdirmekde aýyplaýarlar.

Gyrgyz tarapy azyndan 11 ýaraly barada habar berýä. Olar Bakteniň sebit hassahanasyna ýerleşdirildi. Täjigistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, täjik tarapyndan iki serhetçi öldi, 11 adam, şol sanda 6 serhetçi we 5 ýerli ýaşaýjy ýaralandy.

Munuň bilen, hepdäniň başyndan bäri gyrgyz-täjik serhedinde ikinji gezek dartgynly ýagdaý döreýär. 14-nji sentýabrda üç serhetýaka sebitde, Bulak-Başy, Kak-Saý we Pasky-Aryk obalarynda atyşyk boldy. Iki tarap hem biri-birini wakany tutaşdyrmakda aýyplady.

Gyrgyzystan bilen Täjigistan aradaky serhediň uzynlygy 970 kilometr bolup, araçägiň 519 kilometri kesgitlendi, galan bölegi heniz kesgitlenilmedi. Serhediň dawaly bölegi Gyrgyzystanyň Bakten welaýaty bilen Täjigistanyň Sogd welaýatynyň arasynda ýerleşýär, bu ýerde iki ýurduň obalary, hatda ýaşaýjylaryň öýleri hem biri-birine golaý ýerleşýär we bu ýagdaý serhet çyzygynyň kesgitlenilmegini kynlaşdyrýar. Bu kesgitsizlik zerarly iki goňşy ýurduň ýaşaýjylarynyň we serhetçileriniň arasynda suw, ýer we aragatnaşyk ugrunda ýygy-ýygydan çaknyşyklar bolup durýar. Şol bir wagtda, çaknyşyklarda köplenç ýarag ulanylýar, bu bolsa adam pidalaryna getirýär.

Duşenbe we Bişkek birek-biregi agyr söweşjeň ýaraglary ulanmakda aýyplaýar

Täjigistanyň serhet goşunlary Gyrgyzystanyň harby gullukçylarynyň dürli görnüşli şahsy we toparlaýyn ýaraglar bilen hem-de harby tehnikalar bilen Täjigistanyň ilatly nokatlaryny güýçli oka tutandygyny aýtdy.  

“Häzirki wagtda Täjigistan tarapynyň ýagdaýy durnuklylaşdyrmak ugrundaky tagallalary Gyrgyzystanyň harby gullukçylarynyň parahatçylyk gepleşikleri babatdaky teklipleri äsgermezçilik etmegi zerarly netije bermeýär” diýip, “Howar” habar gullugy täjik tarapyny sitirleýär.

Öz gezeginde, Gyrgyzystanyň Mili howpsuzlyk boýunça Döwlet komiteti serhetdäki çaknyşyklarda Täjigistan tarapynyň agyr sowutly ulaglary, köp sanly raketa ulgamlaryny (MLRS) we uçarlary ulanýandygyny mälim etdi. Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetine görä, iki ýurduň arasyndaky serhediň ähli perimetri boýunça agyr söweşler dowam edýär.

“Gury ýer we howa hüjümleriniň ählisine gyrgyz tarapy gaýtawul berýär, we Gyrgyzystan respublikasynyň territoriýasynyň, ilatly nokatlarynyň basylyp alynmagyna ýol bermeýär” diýip, maglumatda aýdylýar. Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk komitetiniň Serhet gullugy özüniň Telegram kanalynda Täjigistan goşunynyň, aýdylmagyna görä, raketa ulgamlaryny ulanýandygyny görkezýän wideo çap etdi.

Biraz ozal, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi serhet we raýat obýektlerine edilen “haýyn hüjüm” boýunça Täjigistana protest notasyny iberendigini habar berdi. Ministrlik täjik tarapynyň “agyr harby tehnikalary ulanyp, serhede goşun çekmek bilen, ozal gazanylan ähli ylalaşyklary bozandygyny” aýtdy.

“Gyrgyz tarapy ozal gazanylan ähli şertnamalaryň berk berjaý edilmegini, ok açmagy bes etmegi, harby goşunlary yza çekmegi we serhetýaka sebitlerde dartgynlyga getirip biljek ýagdaýlary döretmezligi talap etdi hem-de serhetde ýüze çykýan ähli problemalaryň diňe syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmelidigine ýene bir gezek ünsi çekdi” diýip, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi beýanat berdi.

Biraz öň, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen gepleşik geçirdi. Gyrgyz tarapy serhetde ýüze çykýan problemalary “diňe syýasy-diplomatik ýollar bilen” çözmegiň zerurdygyny aýdypdyr.

Çaknyşyk nädip başlady

Isfara şäheriniň Çorkuh obasynyň birnäçe ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna atyşygyň 16-njy sentýabrda irden 5:30 töwereginde başlandygyny habar berdiler. “Agyr ýaraglary ulanyp, çar tarapdan atýarlar. Esasan ýaşaýyş jaýlary nyşana alýarlar, obalaryň içinde snarýadlar ýarylýar” diýip, biziň bir söhbetdeşimizi aýtdy.

Çorkuh obasynyň ýaşaýjylarynyň biri Facebook ulgamynda göni ýaýlyma çykdy. Wideodaky kadrlarda atyşygyň we partlaýan snarýadlaryň seslerini eşitmek bolýar we adamlaryň gaçyşyny görmek bolýar.

Täjigistanyň “Howar” döwlet habar gullugy ýurduň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň Serhet goşunlaryna salgylanyp, Gyrgyzystan respublikasynyň Batken serhet birikmesiniň “Koktoş” serhet galasynyň serhetçileriniň 2022-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda irden takmynan 4 sagat 50 minut töwereklerinde agyr söweşjeň ýaraglary ulanmak bilen ylalaşygy bozup, Täjigistan respublikasynyň “Isfara” serhet birikmesiniň “Duşenbe” serhet galasyna ot açandygyny habar berdi.  

“Munuň bilen bir hatarda, Gyrgyzystanyň harby gullukçylary agyr harby tehnikalary ulanyp, Isfara şäheriniň Hojai Alo, Kummazor, Surh, Somonien, Kulkand ilatly nokatlaryna we Babajan Gafurow etrabynyň Histewraz we Owçihalaç obalaryna ýaragly hüjüm etdiler” diýip, “Howar” habar agentligi Täjigistanyň Serhet goşunlaryny sitirleýär.

Öz gezeginde, Gyrgyzystan respublikasynyň serhetçileri täjik tarapynyň irden sagat 6:00 töwereklerinde ot açýan ýaraglary we topar ýaraglaryny ulanyp, Eki-Taş, Çyr-Dobo, Kum-Mazar we Orto-Boz obalarynda Gyrgyzystanyň serhet goşunlaryny we pozisiýalaryny atyp başlandygyny habar berdi. Mundan başga-da, aýdylmagyna görä, täjik goşunlary 6:30-da Batken serhet birikmesiniň “Kok-Taş” serhet galasyna, 7:15-de bolsa Batken sebitiniň Pasky-Aryk obasynda ýerleşýän “Samarkandek” serhet galasyna minomýot zarbalaryny urup başlady.

Batkeniň welaýat administrasiýasynyň deslapky maglumatlaryna görä, azyndan dört gyrgyz esgeri ýaralandy. Täjik esgerleriniň arasyndaky ýaralylar barada maglumat ýok. Gyrgyzystan ýaşaýjylaryň serhetýaka sebitlerden ewakuasiýa edilip başlanandygyny habar berdi.

Gepleşikler dowam edýär. Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň baş sekretary atyşygyň derhal bes edilmegine çagyrdy

Soňky maglumatlara görä, serhetdäki ýagdaýlar dartgynly bolmagynda galýar. Serhediň tutuö ugry boýunça çaknyşyk barýar. Gyrgyzystanyň Batken welaýatynyň ýolbaşçysy bilen Täjigistanyň Sogd welaýatynyň ýolbaşçysy “Gyzyl-Bel” barlag nokadynda gepleşik geçirdi. Gepleşiklere Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Kamçybek Taşaýew bilen Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Saýmumin Ýatimowyň hem gatnaşandyklary habar berildi.

Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň baş sekretary Stanislaw Zas 16-njy sentýabrda Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlary Marat Imankulow we Nasrullo Mahmudzodo bilen telefonda gürleşip, serhetdäki dartgynly ýagdaýy maslahat etdi.

“Gepleşikleriň barşynda taraplar atyşygyň derhal bes edilmeginiň hem-de emele gelen ýagdaýy diňe parahatçylykly ýol bilen çözmek üçin ygtyýarly edaralaryň üsti bilen gepleşik geçirmegiň zerurlygy aýdyldy” diýip, KHŞG-nyň beýanatynda aýdylýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Теннисист Хачанов вышел в третий круг "Мастерса" в Риме






Зиновьева рассказала о свободных площадях для бизнеса в Подмосковье

В Минтрансе Подмосковья подвели итоги генеральной уборки дорог после зимы

Около 34 тыс выпускников подмосковных школ сдадут ЕГЭ в текущем году

Минтранс Подмосковья проведет вебинары по дорогам и транспорту 15 мая