Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Türkmenistanyň iň iri ýag zawodlarynyň biri işgärlerini tölegsiz dynç alyşa ugradýar

0
Türkmenistanyň iň iri ýag zawodlarynyň biri işgärlerini tölegsiz dynç alyşa ugradýar

Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda ýerleşýän, Türkmenistanyň çägindäki iň iri ýag zawodlarynyň biri işgärlerini ýene-de tölegsiz dynç alyşa çykmaga mejbur edýär. Ýatlatsak, bu zawoduň işi maý aýyndan awgusta çenli hem çyg mal ýetmezçiligi sebäpli togtadylyp, awgustyň aýagynda gaýtadan ýola goýulypdy.

“Ýagy öndürer ýaly pagta çigidiniň ýoklugy sebäpli, ýolbaşçylar işgärlerine 10-njy sentýabrdan başlap ýene-de tölegsiz dynç alyşa çykmak barada arza ýazdyrýarlar. Zawoduň başlygy önümçiligiň ýoklugy sebäpli, işgärlere zähmet haklaryny töläp bilmeýändigini aýtdy we arzalary 1-nji oktýabra çenli tabşyrmalydygyny buýurdy. Ol pagta çigidiniň gerekli mukdarda gelen ýagdaýynda, zerurlyga görä, işgärleriň belli bir böleginiň gaýtadan işe çagyryljakdygyny aýtdy” diýip, zawoduň işgärleriniň biri 20-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan edip biljek maglumatlary äşgär etmezligi soran söhbetdeşimiziň sözlerine görä, 2000-nji ýyllarda 1 müň 800 işgär sany bolan bu zawodda häzir 1 müň 250-ä golaý adam zähmet çekýär.

“Zawoduň gündelik iş tertibini üpjün edýän onlarça işgärden galany näbelli möhlete çenli aýlyksyz galdy. [Ykdysady krizis sebäpli] adamlaryň gündelik çöregi onsuz hem alada. Häzirki ýagdaýlarda köpler maşgalasyny ekläp bilmejekdigini aýdýarlar” diýip, 50 ýaşlaryndaky söhbetdeşimiz nygtady.

Ol zawoduň başlygynyň öňümizdäki ýylyň başynda ýene-de 300-e golaý adamy işden boşatmak göz öňünde tutulýandygyny mälim edendigini hem belledi.

Azatlyk emele gelen ýagdaýlar barada Türkmenabadyň ýag zawodunyň özünden resmi kommentariýa alyp bilmedi.

Söhbetdeşimiz ozalky ýyllarda zawoduň işiniň kadaly bolandygyny, emma soňky birnäçe ýyldan bäri onuň işiniň doly togtadylýan ýagdaýlarynyň ýygjamlaşandygyny hem aýtdy.

Ýatlatsak, bu zawoduň ýüzlerçe işgäri, ýagy öndürer ýaly pagta çigidiniň ýoklugy sebäpli, şu ýylyň maý aýyndan tomsuň aýagyna çenli hem işsiz, aýlyksyz galdyrylypdy.

Habarçylarymyz we çeşmelerimiz soňky döwürde ýyllaryň gurak gelmegi, şeýle-de oba-hojalyk pudagyndaky dowam edýän meseleler, şol sanda suw ýetmezçiligi sebitiň ekerançylyk meýdanlaryna uly zyýan ýetirendigini aýdýarlar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli hünärmenler soňky ýyllarda pagta çigidiginiň hiliniň hem göz-görtele ýaramazlaşyp, ondan alynýan ýagyň mukdarynyň hem tas 80% azalandygyny belläpdiler.

Azatlyk Radiosy häkimiýetleriň ýurduň oba hojalyk pudagynda ýol berýän kemçilikleri, daýhanlaryň dökün, tehnika we suw ýetmezçilikleri barada yzygiderli habar berýär. Türkmen emeldarlary bular barada dymmagy saýlap alýarlar.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary pagtaçylykda mejbury zähmetiň giňden ulanylýandygyny, adamlaryň ujypsyz pul üçin tomsuň yssy howasynda we gyş aýlarynda hem meýdana çykyp, pagta ýygmaga mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda 7-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda hem 14-nji sentýabrda nobatdaky pagta möwsümine resmi taýdan badalga berildi.

Şu ýyl Türkmenistan 580 müň gektar meýdana gowaça ekip, 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny öndürmegi göz öňünde tutýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Тарпищев: нельзя Медведева назвать главным претендентом на золото Олимпиады






В отношении ударившего девочку в Люберцах мужчины возбудили второе уголовное дело

В 7 корпусах подмосковного ЖК «Прибрежный Парк» начали монтаж инженерных систем

Парк культуры и отдыха в Жуковском благоустроят в 2024 году

В Самаре началась проходка тоннеля до станции метро "Театральная"