Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Prezident Gyrgyzystanyň serhet dawalaryny gepleşikler arkaly çözmäge taýýardygyny aýtdy

0
Prezident Gyrgyzystanyň serhet dawalaryny gepleşikler arkaly çözmäge taýýardygyny aýtdy

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow özüniň gyrgyz-täjik serhedinde azyndan 100 adamyň ölmegine sebäp bolan serhet dawasyny çözmek üçin Täjigistan bilen gepleşik geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Žaparow 20-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasyna ýüzlenip, Gyrgyzystan "serhet we içerki meseleleriň ählisiniň gepleşik stolunyň başynda çözülmelidigine ynanýar we biz tarapda şeýle isleg we taýynlyk bar" diýdi.

Žaparow Täjigistany geçen hepdäniň zorlugynda agressor, ýagny hüjümçi hökmünde häsiýetlendirdi we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň territorial bitewilik we hoşniýetli goňşuçylyk barada öňki baglaşylan şertnamalardan daşlaşandygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň resmileri 20-nji sentýabrda bolup geçen ýagdaýa bir-birinden başgaça bahalar berdiler, Bişkek ýagdaýyň "kadalaşandygyny" aýtdy, ýöne Duşenbe ýagdaýyň "çylşyrymly" bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi 19-njy sentýabrda Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň milli howpsuzlyk komitetleriniň başlyklarynyň iki tarapyň arasynda taýýarlanan protokola gol çekmegini gutlady we munuň "berk berjaý edilmegi gepleşik etabynyň täzeden başlamagyna mümkinçilik döreder" diýdi.

Aýdylmagyna görä, bu resminama duşmançylygyň doly bes edilmegine we goşunyň yza çekilmegine ýol açýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Теннисист Хачанов вышел в третий круг "Мастерса" в Риме






В РПЛ сменился лидер турнирной таблицы

Мишустин: в России продлят программу маткапитала

«Мне нравится жить в лесу». Судьба детей-актеров СССР из взрослых фильмов

Грузоперевозки в РФ упали на 10% из-за проблем в расчетах с Китаем