Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Türkmenistanda toplanan müňlerçe "KamAZ" üçin iki sany tehniki hyzmat merkezi açyldy

0
Türkmenistanda toplanan müňlerçe

Lebapda we Maryda “KamAZ” okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Täze okuw we tehniki hyzmat merkezleri dolandyryş binasyny, ammary, abatlaýyş işlerini geçirmek üçin niýetlenen bölümi öz içine alýar. Şeýle-de bu ýerde awtoulag ýuwmaga niýetlenen ýer, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanýan uly göwrümli howuzlar bar.

“KamAZ FTC Corp. LLP” kompaniýasynyň buýurmagy esasynda gurlan desgalaryň her gün 10 ulaga çenli hyzmat etmek mümkinçiligi bar diýip, resmi habarda aýdylýar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tataraystanyň lideri Rustam Minnihanowyň arasyndaky dostluk gatnaşyklary esasynda, “KamAZ” türkmen bazaryndaky bäsdeşlerini doly diýen ýaly gysyp çykard.

2021-nji ýylyň başynda çykan resmi habarlarda aýdylmagyna görä, Türkmenistan 463 sany “Kamaz” awtoulagyny, Kazanyň dikuçar zawodynyň iki dikuçaryny – “Ми-17-1В” harby transporty we “Ansat” lukmançylyk dikuçaryny satyn almagy planlaşdyrdy.

Şeýle-de, Aşgabat bilen Kazanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň A.M.Gorkiý adyndaky Zelenodolsk gämi gurluşygy zawody arkaly hem dowam etdiriljekdigi aýdyldy.

Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň iýun aýynda "KamAZ" kompaniýasyndan jemi iki müňe golaý awtomobil we ýöriteleşdirilen awtoulag serişdelerini satyn almak baradaky karara gol çekdi.

Maglumat üçin aýdylsa, Rustam Minnihanow 2017-nji ýylda ýapyk binalarda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelip, Berdimuhamedowy Tatarystanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyndan soň, türkmen lideri "KAMAZ-6520" awtoulaglarynyň ýene 250 sanysyny satyn almak baradaky karara gol çekdi.

Türkmenistanyň soňky onýyllykda satyn alan “KamAZ” ýük ulaglarynyň şu wagta çenli näçesiniň işe ýaraýandygy, olaryň tehniki ýagdaýlary barada maglumat berilmeýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году






В ЦУРе отметили снижение числа вопросов по содержанию МКД в округах Подмосковья

Более четырех тысяч человек присоединились к акции «Мы помним» в Музее Победы

Россиянам рассказали, как легко просыпаться по утрам на работу

Дочь Куклачева рассказала об улучшении состояния артиста