Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Günäsi geçilen öňki tussaglar türkmen türmelerindäki parahorlukdan habar berýärler

0
Günäsi geçilen öňki tussaglar türkmen türmelerindäki parahorlukdan habar berýärler

Türkmenistanda garaşsyzlyk baýramy mynasybetli yglan edilen nobatdaky günä geçişlikde 829 türkmen raýaty hem-de dört daşary ýurt raýaty tussaglykdan boşadyldy. Günäsi geçilen öňki tussaglaryň ýakyn hossarlarynyň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde türme tussaglygyny ýerine ýetirýän dogan-garyndaşlaryny günä geçiş sanawyna goşdurmak üçin 1000 dollardan 2000 dollara çenli para bermäge mejbur bolandyklaryny gürrüň berdiler.

Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary bolan öňki tussaglaryň ýakyn hossarlary Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde Türkmenistanda durmuşyň tas ähli ugurlarynda kereplän endemiki korrupsiýanyň türkmen türmelerine-de kök salandygyny gürrüň berýärler.

Olar kazyýetiň karary esasynda dürli aýyplamalar bilen azatlykdan mahrum edilen öňki tussaglaryň tussag edilen gününden başlap, kazyýet höküminiň yglan edilen gününe çenli, galyberse-de, türme möhletiniň başlanan gününden tamamlanan gününe çenli özleriniň häkimiýetlere, şol sanda türme resmilerine para bermäge mejbur bolandyklaryny gürrüň berýärler.

Öňki tussaglaryň hossarlary, ilkibaşda, tussaglygyň yz ýany, kazyýet diňlenişiginiň çaltrak geçirilmegi üçin häkimiýet wekillerine para bermäge mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.

“Türmede kameralar hem satyn alynýar. Tussag kameralarynyň nyrhy onuň hödürleýän şertlerine görä üýtgeýär” diýip, öňki bendileriň hossarlary aýdýarlar.

Öňki tussaglaryň sözlerine görä, türkmen türmelerinde “kommerçeskiý”, ýagny “täjirçilik” kameralary atlandyrylýan tussag jaýlary bolup, olar 30-40 müň manat aralygynda para bilen satyn alynýar.

“Türme resmileri bilen gürleşip, şol ýerleri satyn alyp bolýar. Her dürli ýollar bilen pul türmäniň içine salynýar we kameralar satyn alynýar. Türmäniň içinde korrupsiýa giňden ýaýran” diýip, öňki tussaglaryň hossarlary aýdýarlar.

Olar türme garawullarynyň we türme başlyklarynyň para alýandyklaryny aýdýarlar.

Öňki tussaglaryň hossarlary günä geçiş üçin tölän paralaryny kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine, şol sanda prokuratura işgärlerine we sülçülere berendiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu aýdylýanlar boýunça Türkmenistanyň baş prokuraturasyndan hem-de Içeri işler ministrliginden kommentariý alyp bilmedi.

Para bilen günä geçiş sanawyna goşulan öňki tussaglar türkmen türmelerinde pulsuz we hossarsyz tussaglara hatda kä halatlarda ýatak jaýlarynyň hem ýetmeýändigini gürrüň berýärler.

Nobatdaky günä geçiş, garaşsyzlyk baýramynyň öň ýany, 23-nji sentýabrda yglan edildi. Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow mart aýynda häkimiýet başyna geçeli bäri ikinji gezek tussaglaryň günäsini geçmek barada karara gol çekýär. Mundan ozal, aprel aýynda Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanda 514 bendi türmeden boşadyldy.

Günäsi geçilen tussaglaryň şahsyýetleri barada maglumat çap edilmeýär. Ne Gadyr gijesi, ne-de Garaşsyzlyk mynasybetli yglan edilen amnistiýalarda ozal türkmen kazyýeti tarapyndan “günäli tapylyp” uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen wyždan ýesirleriniň we syýasy tussaglaryň atlarynyň bolup-bolmandygy mälim edilmeýär.

Ýöne soňky günä geçiş tolkunynda türme tussaglygyny ýerine ýetirýän belli estrada aýdymçysy Nazir Habibowyň azatlyga çykandygy mälim boldy.

Habibow 2016-njy ýylyň oktýabrynda “neşe serişdelerini bikanun ýurda getirmekde ýa-da ony satyn almakda” aýyplanyp tussag edilen 10-dan gowrak adamyň hatarynda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde görkezildi. Şonda belli estrada aýdymçysynyň uly mukdarda neşe serişdelerini saklamakda günäli tapylyp, 15 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilendigi mälim boldy.

Ýaňy-ýakynda nobatdaky günä geçişligiň yglan edilmeginiň yz ýany, 24-nji sentýabrda Nazir Habibowyň aýaly, Nazirita Habibowa özüniň Instagram hasabynda adamsynyň azatlyga goýberilýändigi baradaky şatlykly habary paýlaşyp, Türkmenistanyň prezidentine alkyş we minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Jenaýat kodeksi ýurtda yglan edilýän günä geçmeleriň şertlerini düzgünleşdirýär, belli-belli jenaýatlarda günäli tapylan adamlaryň günäsiniň geçilmegi gadagan edilýär. Türkmenistan 2019-njy ýylyň noýabrynda korrupsiýa boýunça iş kesilen raýatlaryň günäsini geçmezlik barada karar kabul etdi. Ýöne 2022-nji ýylyň aprelinde türkmen kanun çykaryjylary “korrupsionerleriň günäsini geçmezlik” kararyny goýbolsun etdi. Täze düzgün 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girýär.

Galyberse-de, Türkmenistanda 2012-nji ýylda Jenaýat kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen “bikanun neşe söwdasynda” günäli tapylýan adamlaryň günäsiniň geçilmegi kanun taýdan gadagan edildi.

Jenaýat kodeksiniň 80-nji maddasyna görä, korrupsiýa we neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatlary etmekde günäli bilnip, iş kesilen adamlar babatda günä geçme we rehim etme ulanylmaýar.

“World Prison Brief” neşiriniň 2021-nji ýyl boýunça çap eden soňky hasabatyna görä, Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýäde iň öňdäki ýurtlaryň hatarynda barýar. Türkmenistanda her 100 müň adamdan 576 adam türmede saklanýar.

Türkmenistanda soňky 30 ýylyň dowamynda onlarça müň adam türmeden geçdi. Ýurtda möhüm baýramçylyklara gabatlanyp, köpçülikleýin günä geçişlik yglan edilýär. Dürli çeşmelere görä, diňe soňky bäş ýylyň dowamynda ýurt boýunça 20 müň töweregi tussagyň günäsi geçildi.

Türkmenistanda nobatdaky köpçülikleýin günä geçiş yglan edilýän mahaly, garaşsyzlyk ýyllarynda adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan ýurduň türmelerinde zorlukly ýitirim edilen hasaplanýan adamlaryň, “syýasy tussaglaryň” we “wyždan ýesirleriniň” ykbaly nämälim galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова проиграла Остапенко во втором круге турнира WTA 1000






Посетитель кафе в Щелкове избил сотрудника заведения

Исследование: более половины москвичей обращаются к врачу лишь при наличии серьезных проблем

В Волоколамском округе отреставрируют церковь Рождества Пресвятой Богородицы

Президент РФ: мы должны больше сближаться с нашими партнерами по СНГ