Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Eýranly futbolçy Ali Karimi protestlere meçew bermekde aýyplanýar

0
Eýranly futbolçy Ali Karimi protestlere meçew bermekde aýyplanýar

Eýranyň habar beriş serişdeleri we syýasatçylary futbolçy Ali Karimi sosial media ýazgylarynda protestlere meçew bermekde aýyplaýarlar.

Eýranyň milli futbol ýygyndysynyň öňki kapitany, häzir Dubaýda ýaşaýan Karimi sosial media ýazgylary üçin tankyt edilýär.

Ol ahlak polisiýasy tarapyndan hijaby nädogry geýmekde aýyplanyp tussag edilen we, şaýatlaryň sözlerine görä, polisiýa awtoulagynda erbet ýenjilen 22 ýaşly aktiwist Mahsa Amininiň öldürilmegini ýazgardy. Amini tussag edileninden soň, huşuna gelmän, keselhanada aradan çykdy.

Şeýle-de futbolçy demonstrantlara, hususan-da aýallara goldaw bildirdi we goşuny "bigünä adamlaryň ganynyň dökülmeginiň" öňüni almaga çagyrdy.

"Güýçli aýallardan gorkmaň. Belki, olaryň siziň ýeke-täk goşunyňyz boljak güni hem geler" diýip, Karimi twitterde ýazdy.

Futbolçy, protestleriň arasynda güýçlenen internet çäklendirmelerinden geçmek üçin, eýranlylaryň ulanyp biljek ygtybarly VPN hyzmatlaryny hem maslahat berdi.

Mahsa Amini ölenden soň, Eýranda ýüzlerçe adam nägilelik bildirmäge çykdy, bu soňky ýyllarda hökümete garşy geçirilen iň köpçülikleýin protest boldy.

Tähranda we beýleki şäherleriň köpüsinde protestçiler polisiýa merkezlerine hüjüm edýär, hökümet binalaryny ele alýar, aýallar göz edip saçlaryny kesýärler we hijaplaryny ýakýarlar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме






Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

Mercury засмотрелась на молодежь // Ритейлер пытается привлечь к люксу новое поколение

Лещенко: напишу песню, если "Динамо" станет чемпионом

NE: США паникуют из-за вызванной Путиным массовой эвакуации золота из банков