Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Janyndan geçeniň Kabuldaky bomba hüjüminde 19 adam öldi

0
Janyndan geçen hüjümçiniň 30-njy sentýabrda Owganystanyň paýtagtyndaky şaýy mähellesiniň bilim merkezinde amala aşyran bomba partlamasynda 19 adam ölüp, 27 adam ýaralandy diýip, Kabul polisiýasynyň “Talyban” tarapyndan bellenen sözçüsi aýtdy. Şaýatlar pidalaryň köpüsiniň okuwçy gyzlar bolandygyny aýtdylar. 


Esasan şaýy azlygyndan bolan hazaralaryň ýaşaýan Daşti Barçi mähellesindäki merkeziň içinde gurnalan partlama ir sagatlarda amala aşyryldy diýip, polisiýa başlygynyň metbugat wekili Halid Zadran aýtdy. Ol partlamanyň içi okuwçydan doly klas otagynda bolandygyny aýtdy.


Bu partlama geçen ýylyň awgust aýynda “Talyban” häkimiýet başyna geleli bäri dowam edýän zorlukly wakalaryň häzirlikçe iň soňkusy boldy. Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.


Mundan öň hazara azlygyny, şol sanda Daşti Barçini nyşana alan hüjümleriň jogapkärçiligini köplenç "Yslam döwleti" topary öz üstüne alypdy.


"Has giňişleýin maglumat almak üçin, biziň toparlarymyz partlamanyň bolan ýerine iberildi" diýip, “Talybanyň” bellän Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Abdul Nafi Takor aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса