Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Новости за 06.07.2022

'Oglum bilen towuk etiniň nobatynda, gyzym çöregiň nobatynda durýarys'. Azyk krizisi dowam edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda azyk önümlerini satyn almak ilatyň aglaba köplügi üçin esasy mesele bolmagynda galýar. Çörek we towuk budlary iň köp talap edilýän iýmit önümleridir. Habarçylaryň sözlerine görä, öňki aýlardan tapawutlylykda bu önümler indi satuwda has ýygy peýda bolýar, ýöne olary satyn almak alada etmegi we ugurtapyjylygy talap edýär. Şu günler Marynyň dükanlarynda towuk budlaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan satyn alyp bolýar. Hususan-da, Mollanepes köçesindäki Gök bazarda, ýerzemindäki... Читать дальше...

Owganystandan atylan raketalar Özbegistandaky jaýlara zeper ýetirdi

Azathabar.com 

5-nji iýulda Owganystandan atylan bäş raketanyň takmynan 16: 20-de Özbegistanyň serhetýaka sebitine gelip düşendigi aýdylýar. Bu maglumat Daşary işler ministrliginiň çap eden beýanatynda berildi. "Bellenilmegi zerur, gelip düşen raketalar ýarylmansoň, adam pidalary we weýrançylyk bolmady” diýip, Daşary işler ministrliginiň beýanatynda bellenýär. Termeziň Mažnuntol mähellesinde dört sany hususy jaýa çalarak zeper ýetdi, bäşinji raketa futbol meýdançasyna gelip düşüpdir diýip, daşary syýasat edarasynyň işgärleri aýtdy. Читать дальше...

Russiýada “Gazprom” bilen baglanyşykly ýolbaşçylaryň dördünjisi öli tapyldy

Azathabar.com 

“Gazpromyň” ýöriteleşen "Astra-Shipping" logistika kompaniýasynyň baş müdiri, 61 ýaşly Ýuriý Woronow Leningrad sebitiniň Wyborgskiý etrabynda, "Deňiz terraslary" atly elita kottežleri şäherçesiniň  çäginde öli tapyldy. Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, erkegiň jesedi öz emlägindäki basseýnde tapyldy. Ölümiň deslapky sebäbi Woronowyň özüne salan ok ýarasy hasaplanýar. Merhumyň garyndaşlary onuň potratçylar we hyzmatdaşlar bilen baglanyşykly kynçylyklar sebäpli köp pul ýitirendigini öňe sürýärler. Читать дальше...

Prezident howpsuzlygy maslahat etdi, iki howpsuzlyk resmisine käýinç berdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 5-nji iýulda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýokary derejeli iki howpsuzlyk resmisine käýinç yglan edildi, baş prokuror wezipä bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär. Resmi habarda aýdylmagyna görä, howpsuzlyk mejlisinde soňky alty aýda ýerine ýetirilen işler maslahat edildi. Prezidentiň geçiren nobatdaky howpsuzlyk mejlisi goňşy Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom... Читать дальше...

Türkmen DIM-niň başlygy Aşgabatdaky amerikan ilçisi bilen howpsuzlyk taslamalaryna seretdi

Azathabar.com 

5-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Stiwen Klimowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, türkmen DIM-i habar berýär. Duşuşygyň dowamynda halkara we sebit ähmiýetli mowzuklar boýunça pikir alşyldy, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň geljekde has hem berkemeginiň zerurlygyny nygtamak bilen, söhbetdeşler... Читать дальше...

BMG, ABŞ Özbegistandaky ganly tolgunyşyklaryň garaşsyz derňelmegini talap edýär

Azathabar.com 

BMG-niň adam hukuklary bölüminiň başlygy Mişel Baçelet Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynda bildirilen protestler wagtynda azyndan 18 adamyň ölmegi bilen bagly ýagdaýlaryň garaşsyz derňelmegine çagyrdy. Ol häkimiýetlere adatdan daşary ýagdaý kanunlaryndaky çäklendirmeleriň halkara kanunlaryna laýyk gelmelidigini, zerur, proporsional we kemsitmesiz bolmalydygyny hem ýatlatdy. "Bize protestler wagtynda ýüz urlan düýpli zorluklar, şol sanda adamlaryň öldürilmegi barada gowşan habarlar örän alada goýýar. Читать дальше...

Eýfel diňi poslaýar, ol düýpli abadanlaşdyryşa mätäç

Azathabar.com 

Eýfel diňi poslapdyr, ol düýpli abadanlaşdyryş işlerine mätäç, muňa derek ony 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda gaýtadan reňkleýärler. Bu barada fransuz žurnaly Marianne öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Marianne žurnalyna gowşan gizlin maglumatlara görä, Eýfel diňindäki sep açmalar hem poslama baryp 2014-nji ýylda ýüze çykarylypdyr. 2016-njy ýylda bu demir minarada 884 şikes ýeten bölek hasaba alyndy, olardan 68 sanysy "gurluşyň uzak ýyllyk berkligine töwekgelçilik döredýär". Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000






Заключительный этап олимпиады школьников стартовал в Подмосковье

5 собачьих пород, что лучше всего подходят на роль телохранителя

«Не смогла остановиться»: мать-одиночка Юлия Ефременкова купила восьмую квартиру

Якутянин победил на первенстве России по настольному теннису