Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Новости за 19.07.2022

Gazagystanyň Ýokary kazyýeti türme möhletlerini ýerine ýetiren ataly-ogly aklady

Azathabar.com 

Gazagystanyň Ýokary kazyýeti Gazagystanyň Žurnalistler bileleşiginiň ozalky başlygyny we onuň ogluny, KazTag habar gullugynyň öňki baş müdirini, salgyt tölemekden gaçmak we ogurlyk aýyplamalary esasynda berlen türme möhletlerini berjaý edenlerinden birnäçe ýyl soň, doly aklady. Ýokary kazyýet 19-njy iýulda 2016-njy ýylda paýtagt kazyýetinde Seýitkazy Mataýewe we onuň ogly Aset Mataewe iş kesilmegi we olaryň tussag edilmegi nädogry boldy, sebäbi olaryň hereketlerinde "jenaýat elementleri ýokdy" diýip, karar çykardy. Читать дальше...

Halkara guramalary Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy webinar geçirdi

Azathabar.com 

18-nji iýulda halkara jemgyýetinde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmet barada habarlylygy artdyrmak hakynda webinar geçirildi. "Türkmen pagta hasylynda döwlet tarapyndan mejbury zähmet we global üpjünçilik zynjyrlarynda mejbury zähmet esasynda öndürilen türkmen pagtasynyň töwekgelçiligi" atly webinar "Halkara pagta kampaniýasy" (Cotton campaign), şol sanda "turkmen.news" we"Türkmenistanyň Hronikasy" neşirleri tarapyndan guramalaşdyryldy. "Raýat jemgyýetçiliginiň gözegçilikleri, 2021-nji... Читать дальше...

“Türkmenhowaýollary” Aşgabat – Minsk – Türkmenabat uçar gatnawyny amala aşyrdy

Azathabar.com 

18-nji iýulda Türkmenistanyň milli daşaýjysy Aşgabat – Minsk – Türkmenabat ugry boýunça uçar gatnawyny amala aşyrdy. Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmesi Türkmenistanyň bilen Belarusyň arasynda amala aşyrylan bu gatnaw bilen iki ýurduň arasynda kadaly uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigini habar berýär. “Bu gatnaw her hepdäniň duşenbe güni amala aşyrylar. Bu uçar gatnawy [iki ýurduň arasynda ýola goýlan] ilkinji kadaly uçar gatnawy bolup, mundan öňküler ýörite çarter gatnawlary bolup durýardy.... Читать дальше...

Eýran kazyýeti protestleri goldan kinoçynyň 6 ýyl türmede oturmalydygyny aýdýar

Azathabar.com 

Tähran kazyýeti eýranly meşhur kinoçy Jafar Panahiniň hökümete garşy demonstrasiýalary goldandygy üçin on ýyldan gowrak ozal berlen alty ýyl türme möhletini oturmalydygyny aýdýar. "Panahi 2010-njy ýylda jemi alty ýyl azatlykdan mahrum edildi ... we şu sebäpden öz türme möhletini oturyp geçirmek üçin Ewin tussaghanasyna girdi" diýip, kazyýetiň metbugat wekili Massud Setaýeşi 19-njy iýulda žurnalistlere aýtdy. 62 ýaşly Panahi şu aýyň başynda, yslam respublikasynyň ähli künjeginde guralýan anti-hökümet... Читать дальше...

Aşgabatda "Multfilmlerden meşhur simfoniki sazlar" ýaňlandy

Azathabar.com 

Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ýylyň aýdym-saz möwsümini tamamlady. 17-nji iýulda Mukamlar köşgünde geçirilen konsert multfilmlerdäki meşhur owazlara bagyşlandy diýip, Azatlygyň habarçysy Aşgabatdan gürrüň berdi. Orkestriň çeper ýolbaşçysy hem baş dirižory Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki topary 17-nji iýulda, Mukamlar köşgünde çagalar we ulular üçin, “Multfilmlerden simfoniki hitler” atly konserti bilen aýdym-saz möwsümini tamamlady. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Кто отец Дианы Джокович?






Актриса из Мурома снялась в российской адаптации турецкого сериала "Постучись в мою дверь"

Треть опрошенных россиян регулярно делятся с пожилыми родственниками советами по финансовой грамотности

Зачем Россия напоминает о Стамбульских переговорах

Москву затопило: кадры последствий суперливня в столице