Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Новости за 15.07.2022

Türkmenistanda VPN ýene-de işlemeýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda birnäçe günden bäri VPN hyzmatlary tas ýok diýen ýaly. Bloklamalardan aýlanyp geçmäge mümkinçilik berýän bu hyzmatlar, hökümetiň maglumat azatlygyny berk çäklendirýän wagtynda ilatyň habar almagy üçin ýeke-täk mümkinçilik bolup galýar. Mundan başga-da, ýurtda öň VPN-siz açylan saýtlar hem petiklenipdir. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 15-nji iýulda paýtagtdaky VPN-leriň uly bökdençlikler bilen işleýändigini habar berdi: “Olar bütin gije işlemedi, irden 10-da birikmegi başardyk. Soňra 20-40 minutlap arakesme boldy. Читать дальше...

Türkmenistan, Özbegistan Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak hakynda ylalaşyga gol çekdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyrýan saparynyň dowamynda, iki ýurt 19 resminama, şol sanda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak hakynda ylalaşyga gol çekdi. Bu barada türkmen we özbek metbugat serişdeleri habar berýär. Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Iki lider penşenbe güni Daşkendiň “Kuksaroý” köşgünde duşuşdy. Prezidentler bilelikde beýannama çap edip... Читать дальше...

"Sanawlar, para we garaşmak". Türkmenler öz watanyna dolanyp bilmeýärler

Azathabar.com 

Azatlygyň habarçylary Türkiýeden Türkmenistana gitmek isleýänleriň sanawynda 4500-den gowrak adamyň bardygyny anykladylar. Sanawlar Türkmenistanyň Türkiýedäki konsullygy tarapyndan ýöredilýär. Şol bir wagtda-da Türkiýeden Türkmenistana gaýtmak mümkinçiligi tas ýok diýen ýaly, ýurtlaryň arasynda yzygiderli uçar gatnawy henizem dikeldilmedi, çarter uçuşlary seýrekligine galýar. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Türkiýeden Türkmenistana gitmek üçin sanawa 4500-den gowrak adamyň ýazylandygyny tassyklap bildiler. Читать дальше...

Putin "Russiýanyň howpsuzlygyna garşy" täze jeza çärelerini tassyklady

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin jenaýat kodeksine girizilen birnäçe üýtgetmäni tassyklady, olarda uzak wagtlyk türme tussaglyklary nazarda tutulýar. "Russiýanyň bähbitlerine ters gelýän maksatlar esasynda" daşary ýurtlardaky ýaragly çaknyşyklara islendik görnüşde gatnaşan; duşmanyň tarapyna geçen, daşary ýurt döwletine ýa-da guramalaryna, olaryň wekillerine "Russiýanyň howpsuzlygyna garşy çärelerde" kömek beren raýatlara 500 müň rubl jerime bilen 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek howpy abanýar. Читать дальше...

Türkmen-hytaý wekilleri howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 8-nji mejlisi geçirildi diýip, Türkmen DIM-i habar berýär. 12-nji iýulda wideoaragatnaşyk arkaly, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geçirilen mejlisde kiçi komitetiň 2021-nji ýylda geçirilen ýedinji mejlisinden bäri edilen işlere seredildi, iki döwletiň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň hasabatlary diňlenildi, howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we özara hereketleriň... Читать дальше...

Şri-Lankanyň prezidenti resmi taýdan işinden çekildi

Azathabar.com 

Şri-Lankanyň parlamentiniň başlygy 15-nji iýul güni irden prezident Gotabaýa Rajapaksanyň 14-nji iýul güni giçlik wezipesinden çekilmek barada resmi taýdan arza berendigini aýtdy. Ykdysady kynçylyklar sebäpli birnäçe aý dowam eden protestlerden soň wezipesinden çekiljegini aýdan Rajapaksa 13-nji iýulda, wezipesinden çekilmeli güni daşary ýurda gaçdy. Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde hökümet binalaryny eýelän protestçiler, parlament spikeri Mahinda Ýapa Abeýwardena bilen geçirilen gepleşikleriň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Хачанов обыграл Баутиста-Агуту в третьем круге «Мастерса» в Мадриде






Водитель автомобиля сбил мальчика на велосипеде на переходе в Южном Бутове

Заместители главы Химок провели обходы микрорайонов

52 диплома завоевала команда Подмосковья на школьной олимпиаде по 4 предметам

"Нет средств для защиты от такого удара". США признали свою беспомощность перед Россией