Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Новости за 18.07.2022

Aşgabatda uzakly gün agyz suwy bolmady, ýene-de

Azathabar.com 

Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň aşa gyzmagy bilen, paýtagt Aşgabadyň ençeme ýaşaýyş sebitiniň agyz suw üpjünçiliginde ýene-de bökdençlikler ýüze çykdy.

Aşgabatda uzakly gün agyz suwy bolmady, ýene-de

Azathabar.com 

Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň aşa gyzmagy bilen, paýtagt Aşgabadyň ençeme ýaşaýyş sebitiniň agyz suw üpjünçiliginde ýene-de bökdençlikler ýüze çykdy. “Şu gün, ýagny 18-nji iýulda ir sagat sekizden bäri Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda düýbünden suw ýok. Häzir eýýäm sagat 17 töweregi bolsa-da, entegem suw berilmedi” diýip, Aşgabadyň ‘Parahat’ etrapçasynyň ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi. Paýtagtda suwuň, öňünden hiç hili duýduryş berilmezden, kesilendigini Aşgabatdaky ýene bir habarçymyz tassyklady. Читать дальше...

Balkan: Howa gyzýar, mallar gyrylýar

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanyň günorta-günbatar sebitlerinde howanyň temperaturasy ýokarlanýar. Aşa yssy howa mal ölümlerine getirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatyndan habar berýär.

Nazarbaýewiň ýaranlarynyň 'gazanan' ýüzlerçe million dollary yzyna alynýar

Azathabar.com 

Gazagystanda öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň garyndaşlary we egindeşleri tarapyndan ogurlanan diýilýän serişdeleri gözläp tapmak we yzyna gaýtarmak üçin bir aý öň döredilen ýörite komissiýa takmynan 230 milliard teňňäniň (416 million dollar) yzyna gaýtarylandygyny habar berdi. Komissiýa 18-nji iýulda Baş prokuraturanyň käbir ýokary derejeli derňewleri öz gözegçiligine aljakdygyny aýtdy. Bularyň arasynda Nazarbaýewiň tussag edilen ýegeni Kaýrat Satybaldy we onuň öňki aýaly Gulmira Satybaldy... Читать дальше...

Türkmenistanda VPN ýene-de işlemeýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda birnäçe günden bäri VPN hyzmatlary tas ýok diýen ýaly. Bloklamalardan aýlanyp geçmäge mümkinçilik berýän bu hyzmatlar, hökümetiň maglumat azatlygyny berk çäklendirýän wagtynda ilatyň habar almagy üçin ýeke-täk mümkinçilik bolup galýar.



Balkan: Howa gyzýar, mallar gyrylýar

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanyň günorta-günbatar sebitlerinde howanyň temperaturasy ýokarlanýar. Aşa yssy howa mal ölümlerine getirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatyndan habar berýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary iýunyň ahyrlarynda, howanyň temperaturasynyň kölegede 50 gradusa golaýlamagynyň fonunda, köpçülikleýin mal ölümleriniň Mary welaýatynda hem hasaba alnandygyny habar berdiler. Şu günler Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Serdar we Magtymguly etraplarynda, dag... Читать дальше...

Ispaniýada yssy howa sebäpli 360 adam öldi

Azathabar.com 

Ispaniýanyň jemgyýetçilik saglygy instituty ýurtdaky aşa yssy howanyň eýýäm 360 adamyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdy. Geçen annada yssy bilen baglanyşykly ýogalan adamlaryň 123 sanysynyň hasaba alnandygy habar berildi. Ýewropanyň günortasyndaky aşa yssy howa 8-nji iýuldan bäri dowam edýär, Ispaniýanyň käbir sebitlerinde howanyň gyzgyny 45 gradusa ýetdi. Yssy, epgek tolkunlary Portugaliýa hem baryp ýetdi. Portugaliýanyň Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, 7-nji iýuldan 13-nji iýula çenli aralykda yssy sebäpli 238 adam öldi. Читать дальше...

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri bu ýyl Çolpon-Atada duşuşarlar

Azathabar.com 

20-21-nji iýulda Yssykköl sebitiniň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň geňeş maslahaty geçiriler diýip, Gyrgyzystanyň prezident administrasiýasynyň daşary syýasat bölüminiň başlygy Muratbek Azymbakiýew aýdýar. Gyrgyz resmisiniň sözlerine görä, duşuşyga Gyrgyzystanyň (Sadyr Žaparow), Gazagystanyň (Kasym-Žomart Tokaýew), Täjigistanyň (Emomali Rahmon), Türkmenistanyň (Serdar Berdimuhamedow) we Özbegistanyň (Şawkat Mirziýoýew) prezidentleri gatnaşar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň... Читать дальше...

Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri tebigy gaz ylalaşygyny baglaşmak üçin Bakuwa barýar

Azathabar.com 

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen (Ursula von der Leyen), rus energiýasyna garaşlylygy azaltmak ugrundaky tagallalaryň çäginde, 18-nji iýulda Azerbaýjana barýar. Ol Bakuwda Azerbaýjandan alynýan tebigy gazyň möçberini artdyrmak barada gepleşik geçirer. "Russiýanyň energiýa üpjünçiligini ýarag hökmünde ulanmagy dowam etdirmegi bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşigi üçin öz energiýa importyny diwersifikasiýa etmek ileri tutulýan ugur bolup durýar” diýip, Ýewropa Komissiýasy twitterede aýtdy. Читать дальше...

“Lager meniň ruhumy döwdi”. Gazak şahyry Sinjiangdaky tussaglyk hakda

Azathabar.com 

Asly gazak bolan Hytaýyň Sinjiang welaýatynyň Altaý sebitindäki Žemeneý etrabynda doglan 46 ýaşly Žazira Asenkyzy il arasynda gowy tanalýar. Onuň goşgulary we hekaýalary köplenç ýerli neşirlerde çap edilýärdi, käbirleri hytaý diline terjime edilipdi. 2017-nji ýylda şahyr zenany tussag edip, syýasy taýdan täzeden tälim beriş lagerine atdylar. Azatlyga çykandan bir ýarym ýyldan soň, ol Gazagystana geldi. Bu hekaýat Žaziranyň öz dilinden beýan edilýär. "MYDAMA SI JINPINGI GÖRKEZÝÄRDILER" — 2017-nji ýylyň 3-nji maýynyň ir ertirdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Полина Михайлова

Россиянка Полина Михайлова стала чемпионкой Франции по настольному теннису






Песков назвал возможное изъятие активов России гвоздем в гроб западной системы

В Тверь прибыл красавец-теплоход Мустай Карим

Режиссер мультфильма «Бременские музыканты» Ковалевская чуть не умерла в Москве

Московская канатная дорога на майские праздники изменит свой режим работы