Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Новости за 11.07.2022

Marynyň oba ilatyna agşam 9-dan soň hiňňildikde uçmak gadagan edilýär

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanda Gurban baýramy bilen bagly baýramçylyk çäreleri dowam edýärkä, Mary welaýatynyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri ýaşaýjylara agşam sagat 9-dan soňra hiňňildikde uçmagy gadagan edýärler. Resmiler bu gadagançylygyň sebäplerini düşündirmeýärler. Ýaşaýjylar muny "häkimiýetleriň köp adamly ýygnanyşyklaryň öňüni almak çäresi" diýip häsiýetlendirýärler. "Marynyň obalarynda hojalyklar baryndan çykaryp, obanyň içinde hiňňildik dikdiler. Bir hojalyk turba, beýleki hojalyk ýüp, başga bir hojalyk zynjyr, ýene biri agaç berdi.

'Jazz töwerekleri' - aşgabatly saz muşdaklary üçin saz gezelenji guraldy

Azathabar.com 

Jazz sazynyň ýene bir konserti 8-nji iýulda Aşgabatdaky "Mukamlar köşgünde" geçirildi. "Jazz töwerekleri" atly aýdym-saz çäresi 1930-njy ýyllardan şu güne çenli wagt aralygyna degişli jazz eserlerini öz içine aldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

Balkanda we Maryda döwletiň gurbanlyk sadakalary býujetçileriň hasabyna berildi

Azathabar.com 

11-nji iýulda Türkmenistanda türkmen halkynyň milli baýramlaryndan bolan Gurban baýramynyň üçünji güni bellenilýär. Munuň bilen bagly, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimiýetleri döwlet edara-kärhanalarynda gurbanlyk üçin mal soýup, sadaka berýärler. Ýöne resmiler sadakalar üçin býujet işgärlerinden pul ýygnap, bu haýyr-sahawat çäresini býujetçileriň hasabyna amala aşyrýarlar. Şol bir wagtda, habarçylarymyz ykdysady kynçylyklar sebäpli şu ýyl gurbanlyk üçin mal soýýan hojalyklaryň juda azdygyny habar berýärler. Читать дальше...

Türkmenistanda zähmet haklary we beýleki tölegler köpeldiler

Azathabar.com 

Prezident Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýulda Türkmenistanda geljek ýylyň başyndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky karara gol çekdi. Permanda aýdylmagyna görä, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň; pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň; talyp we diňleýji... Читать дальше...

Şri-Lankanyň prezidenti 13-nji iýulda işden çekiler

Azathabar.com 

Şri-Lankanyň prezidenti Gotabaýa Rajapaksa 13-nji iýulda işinden çekiler. Ol bu karara altynjy gün müňlerçe demonstrant Kolombo şäherindäki rezidensiýasyny eýeläninden soň geldi. Prezidentiň işden çekiljekdigi altynjy gün agşam ýurduň mejlisiniň başlygynyň eden wideo beýanatynda yglan edildi. Onuň sözlerine görä, mejlisiň we esasy partiýalaryň ýolbaşçylarynyň demonstrantlar prezidentiň ýaşaýan ýerini eýeläninden soň geçirilen ýygnagynda prezidentiň wezipesinden çekilmegini talap etmek kararyna gelindi. Читать дальше...

Gazagystan Hindistanyň, Eýranyň we Hytaýyň raýatlary üçin wizasyz gatnaw açýar

Azathabar.com 

Hindistanyň, Eýranyň we Hytaýyň raýatlary 8-nji iýuldan başlap, işewürlik, hususy, syýahatçylyk maksatly syýahatlara rugsat berilmegi esasynda, serhetden geçen gününden soň , Gazagystanda 14 güne çenli wizasyz galyp bilerler. Şeýlelikde, Hindistan we Hytaý üçin ozalky 72 sagatlyk wizasyz, üstaşyr geçmek düzgüni güýjüni ýitirýär. Medeniýet we sport ministriniň orunbasary Ýeržan Erkinbaýew iýun aýynda Gazagystanyň wizasyz gatnaşyk edilýän ýurtlaryň sanawyny 100-e ýetirjekdigini habar berdi. “Bu... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова проиграла Фернандес во втором круге турнира WTA в Мадриде






Сервис проверки графика отключения горячей воды запустили на сайте мэра Москвы

Кадыров готовится к бегству из Чечни - СМИ

Синоптик Шувалов рассказал о погоде в майские праздники

Когда в 2024 году Страстная неделя, церковные и народные традиции на этот период