Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Новости за 05.07.2022

Türkmen elitasy yslama gujak açýarmy?

Azathabar.com 

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen jemgyýetinde meşhurlyk gazanyp barýandygy aýdylýan dini meýilleriň türkmen syýasy giňişligindäki şöhlelenmelerine nazar aýlamaga synanyşýar.

"Kamerata Aşgabat" toparynyň ilkinji konserti geçirildi

Azathabar.com 

Aşgabatda klassiki aýdym-saz toparnyň ýene bir konserti geçirildi. 3-nji iýulda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda geçirilen çäre "Kamerata Aşgabat" atly täze döredijilik toparynyň ilkinji konserti boldy.

Türkmenistan Garagalpagystandaky wakalara alada bilen seredýändigini aýtdy 

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigini habar berýär. "Türkmen tarapy Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň ýurtdaky konstitusion tertibiniň we kanunyň goralmagy, şeýle hem ýaşaýjylaryň howpsuzlygyny we asudalygyny goramak üçin öz wagtynda we aýgytly hereketlerini goldaýar" diýip, Türkmen DIM-niň metbugat üçin habarynda aýdylýar. "Halkyň köpasyrlyk paýhasy, tejribesi... Читать дальше...

Yssy howa şertlerinde Türkmenbaşynyň häkimiýetleri jaýlardaky split-ulgamlaryny sökýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda aşa yssy howanyň höküm sürýän mahaly, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky split-ulgamlaryny söküp aýyrýar. Resmiler munuň sebäplerini "prezident Serdar Berdimuhamedowyň dogan-garyndaşlarynyň we ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň Awazada dynç alýandygy" bilen düşündirýärler. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler ýaşaýyş jaýlaryndaky sowadyjylary söküp aýyrmak işine geçen hepdäniň ahyrynda girişdiler. Читать дальше...

Balkan: Gurban baýramynyň öň ýany, iri we ownuk şahly mallaryň bahasy gymmatlady

Azathabar.com 

Türkmenistanyň günbatar Balkan welaýatynda Gurban baýramynyň öň ýany, iri we ownuk şahly mallaryň bahasy gymmatlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji iýulda habar berdi. Habarçylarymyz Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde, Gumdag etrabynda goýun-geçileriň we iri şahly mallaryň bahalarynyň iki esse gymmatlandygyny habar berýär. “20 kilogram töweregi et berjek goýun-geçiler geçen hepdelerde 1300 manat bolan bolsa, häzir olaryň bahasy 3000 manada çenli ýokarlandy. Читать дальше...

ABŞ-nyň 4-nji iýul paradynda bir ýaragly alty adamy öldürdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni paradynda Çikagionyň daşyndaky baý etrapda, Highland Parkda ýygnanan adamlar oka tutulanda alty adam öldi. Polisiýa şübhe bildirilýän adamy tussag etdi. Awtoulagly kowalanyp saklanan 22 ýaşly Robert Krimo ‘hiç bir hadysasyz’ tussag edildi diýip, Highland Park polisiýasynyň başlygy Lou Jogmen žurnalistlere aýtdy. Atyşyk wagtynda ol "gyzyklanma döredýän şahs” hasaplanyldy, ýöne tussag edilenden soň, polisiýa onuň bu işde jogapkärdigine ynanýandygyny aýtdy. Adatdan daşary ýagdaý resmileri ýigrimiden gowrak adamyň... Читать дальше...

Prezident oba hojalygyndaky işleriň depgininden nägile bolýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow birinji gün sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirip, oba hojalygyna jogap berýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň we sebit häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Resmiler oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gallaçy daýhanlar bilen geçirilýän hasaplaşyklar, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlaryndaky ideg işleri, Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekilişi barada hasabat berdiler diýip, TDH habar berýär. S. Berdimuhamedow hasabaty diňläp... Читать дальше...

“Dragon Oil” Türkmenistandaky hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Azathabar.com 

Düýbi Dubaýda ýerleşýän “Dragon Oil” kompaniýasy häzirki şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýylyň maý aýynda tamam bolandan soň, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Turkmennebit” konserni bilen edýän önümçilik hyzmatdaşlygyny ýene-de 10 ýyl uzaltmak üçin 1 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. “Roýters” habar gullugynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet habar gullugyna, WAM-a salgylanyp, birinji gün beren habarynda aýdylmagyna görä, şertnamada görkezilen serişdäniň 500 million dollary nagt pul görünşinde tölener... Читать дальше...

Gurban Berdiýew töwrizli futbolçylara tälim berer

Azathabar.com 

Türkmen tälimçisi Gurban Berdiýew Eýranyň Töwriz şäherine baryp, ýakynda şertnama baglaşan täze toparynyň ― “Traktoryň” klub infrastrukturasy bilen tanyşdy diýip, “Türkmenportal” tractor-club.com web sahypasyna salgylanyp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, ýerli wekiller türkmenistanly tälimçini toparyň türgenleşik bazasyna we “Ýadegar-e Emam” stadionyna aýladylar. Şeýle-de, tälimçi klubyň dolandyryş binasy, myhmanhanasy, sport zaly, saglyk merkezi we tälimçiler binasy bilen tanyşdy. G. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Свёнтек разгромила Кырстю и вышла в 1/8 финала турнира WTA-1000 в Мадриде






Школьница из Бутово придумала приложение для детей и взрослых «Твой ортодонт»

Собянин заявил о победе столичных проектов на премии «Умный город»

Синоптик Цыганков: май в Москве начнется с теплой погоды и небольших осадков

Акция «День добрых дел» прошла в Химках