Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Новости за 22.07.2022

Hepdäniň jemi #29 (23.07.2022 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistandaky işsizlik we daşary ýurtlarda galan zähmet migrantlarynyň ýurda dolanmagynyň öňünde döredilýän ‘emeli kynçylyklaryň’ mümkin bolan sebäpleri, uzak möhletli çözgüt baradaky söhbetdeşligimizi diňlemäge, bu meselelerde öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.

Stambuldaky türkmen konsulhanasynyň öňünde ýene uly nobatlar döredi

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi. Nobata duran türkmenistanlylaryň aglabasy pasportlarynyň möhletini uzaltmaga çalyşýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň çeşmesi Türkiýeden maglumat berdi.

Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanda maglumat giňişligini 'goramaga' çagyrdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň Gyrgyzystanda geçirilen sammitinde döwlet habar serişdeleriniň işini utgaşdyrmaga we düzgünleşdirmäge çagyrdy diýip, “Türkmen.news” neşiri onuň çykyşynyň Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat gullugy tarapyndan çap edilen wideosyna salgylanyp habar berýär. Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlary üçin esasy howpuň "içerki syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak" synanyşyklary we "ekstremist we radikal elementleriň" aralaşmagy bilen baglydygyny aýtdy. Читать дальше...

Stambuldaky türkmen konsulhanasynyň öňünde ýene uly nobatlar döredi

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi. Nobata duran türkmenistanlylaryň aglabasy pasportlarynyň möhletini uzaltmaga çalyşýar, galan bölegi durmuşa çykmandygy ýa öýlenmändigi baradaky hem-de "Türksoý" resminamalaryny almaga synanyşýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň 21-nji iýulda Stambuldaky türkmen konsulhanasyna baryp gören habarçysy we çeşmesi Türkiýeden maglumat berdi. Olaryň sözlerine görä, bu ýerde nobata duran adamlaryň sany takmynan 300-den aşýar. Читать дальше...

Türkmenabatda öýsüz itler 'wagşylarça' öldürilýär

Azathabar.com 

18-nji iýulda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri köçelerdäki öýsüz itleri gynap, wagşylarça öldürdiler. Bu pursatlary görkezýän wideolar Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowuşdy.

Nazarbaýewiň Yssykköldäki ýadygärligi aýryldy

Azathabar.com 

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň Gyrgyzystanyň Yssykköl sebitinde, “Ruh Ordo" medeni merkeziniň çäginde dikilen ýadygärli aýryldy diýip, “KaktusMedia” neşiri habar berýär. Neşir ýadygärligiň çak bilen bir ýyl gowrak mundan ozal, 2020-nji ýylyň ortalaryndan 2021-nji ýylyň ortalaryna çenli aralykda sökülip aýrylandygyny, sebäbi geçen ýyl dynç alanlaryň düşüren wideolarynda onuň bolmandygyny belleýär. Bu ýadygärlik 2005-nji ýylda, Nazarbaýewiň 65 ýaşynyň dolmagynyň hormatyna ýasalyp, kölüň golaýynda oturdyldy. Читать дальше...

Türkmenistan COVID çäklendirmelerini girizmegi, halkara uçar gatnawlaryny togtatmagy maslahat edýär

Azathabar.com 

Türkmenistan 1-nji awgustdan başlap ozal gowaşadyan COVID çäklendirmelerini gaýtadan ornaşdyrmak meselesine garaýar. Bu barada habar berýän Azatlygyň ýurduň saglyk pudagyndaky çeşmesi häzirki wagt anyk çäreleriň üstünde işlenýändigini aýtdy. “Öňümizdäki aýdan başlap toý mekanlaryň, bazarlaryň, restorandyr garbanyşhanalaryň işlerini çäklendirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, wirusyň ýüze çykan sebitlerine, onuň gerimine laýyklykda, sary, gyzyl derejelerini bermek planlaşdyrylýar. Muňa görä-de soň... Читать дальше...

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdene COVID-19 diagnozy goýuldy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň COVID-19 synagy oňyn netije görkezdi diýip, Ak tam habar berdi. Baýden keseliň ýeňil alamatlary sebäpli özüni izolýasiýa edýär we wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirýär, işgärler bilen telefon arkaly aragatnaşyk saklaýar we meýilleşdirilen ýygnaklara wideo baglanyşygy arkaly gatnaşýar. Prezidentiň ýygnaklara gaýtadan göni gatnaşyp başlamagy koronawirus boýunça synagy negatiw netije görkezeninden soň mümkin bolar. Baýden 13-16-njy iýul aralygynda Ýakyn Gündogara syýahat etdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Хачанов обыграл Баутиста-Агуту в третьем круге «Мастерса» в Мадриде






Минтруда помогло кыргызстанцу в Москве получить 715 тысяч рублей

Блогер на BMW столкнулся с авто и влетел в столб у «Москва-Сити»

Брата 12-го фигуранта дела о теракте в "Крокусе" арестовывали за хулиганство

Власти Евросоюза призвали РФ пересмотреть решение о судьбе "дочек" Ariston и Bosch