Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Новости за 14.07.2022

Ýewropa parlamentiniň agzalary, hukuk goraýjylar lukman Ismatullaýewany azat etmäge çagyrýarlar

Azathabar.com 

Ýewropa parlamentiniň birnäçe agzasy Türkmenistanyň häkimiýetlerini, hukuk goraýjylaryň toslanan aýyplamalar esasynda tussaglyga höküm edilendigini aýdýan, lukman Hursunaý Ismatullaýewany azat etmäge çagyrdylar. 14-nji iýulda Ýewropa parlamentiniň bäş agzasynyň adam hukularyny goraýjy toparlaryň we garaşsyz neşirleriň ençemesi bilen birlikde ýaýradan beýanatynda 2017-nji ýylda bikanun işden kowulan lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň ykbalyna üns çekilýär. Ýatlatsak, Ismatullaýewanyň ýolbaşçylary... Читать дальше...

Maryda ýollaryň arassaçylygy býujetçileriň hasabyna 'üpjün edilýär'

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň häkimiýetleri jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärlerini azaldyp, köçeleriň arassaçylygyny býujet işgärleriniň maddy çykdajylarynyň hasabyna üpjün edýärler. Bu maglumatlar, ýurtda ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda käbir edara-kärhanalarda işgär sanynyň kemeldilýändigi we işgärlere zähmet haklarynyň öz wagtynda berilmeýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada maryly býujet işgärleriniň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi. Читать дальше...

Balkanda ýangyç gytçylygy emele geldi

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň ýangyç guýýan beketlerinde ýangyç gytçylygy emele geldi. Soňky bir hepde bäri sebitiň ýangyç beketlerinde benzin we dizel çäkli möçberde satylýar.

Polisiýa gizlenip, düzgün bozan pyýadalary 'awlaýar

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň dolandyryş merkezi Mary şäheriniň ýol polisiýasy köçeleri pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerden kesip geçen raýatlara köpçülikleýin jerime salýar.

Lebapda awtobanyň gurluşygynda işgärler ‘goşmaça tölegsiz 12 sagat işledilýär’

Azathabar.com 

Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň Lebap welaýatyndaky böleginiň gurluşygynyň ýygjamlaşmagy netijesinde, bu işlere çekilen ýerli hünärmenler zähmet şertleriniň hem juda ýaramazlaşandygyny aýdýarlar. Habarçylarymyz 2019-njy ýylda gurluşygy başlanan we türkmen gaznasyndan 2 milliard 300 million dollar goýberilen bu awtobanyň gurluşygynyň şu günler ‘gije-gündiz’ dowam etdirilýändigini belleýärler. “Resmi kagyz ýüzünde iş wagy sekiz sagat diýlip görkezilse-de, adaty işgärler günde 12 sagat işläýmeli. Читать дальше...

Garagalpagystanda girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgünleri gowşadyldy

Azathabar.com 

Garagalpagystanyň çäginde Özbegistanyň prezidentiniň karary esasynda girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni ýumşadyldy. “Garagalpagystan respublikasyndaky ýagdaýyň durnuklaşmagyny we sebitiň ýaşaýjylarynyň kadaly durmuşa dolanmagyny nazara alyp, Özbegistan respublikasynyň prezidenti tarapyndan Garagalpagystanyň çäginde girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni ýumşadyldy, ýagny sagat 21: 00-dan sagat 07: 00-a çenli hereket edýän komendant sagady sagat 23: 00-dan sagat 05: 00-a çenli hereket eder” diýip... Читать дальше...

Şri-Lanka: Protestçiler hökümet binalaryny terk etmäge razy boldy, krizis dowam edýär

Azathabar.com 

Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherindäki protestçiler, ýurduň parlament spikeri bilen geçirýän gepleşikleriniň çäginde, hökümet binalaryny boşatmak ylalaşygyna geldiler. Bu habar Şri-Lankanyň prezidenti Gotabaýa Rajapaksanyň 13-nji iýulda, işinden çekilmezden öň ýurtdan gaçyp, Maldiw adalaryna, Singapura, ahyrynda bolsa Jedda, Saud Arabystanyna gitmeginiň arasynda berildi. Şri-Lankadaky dartgynlyklar hökümet tarapyndan yglan edilen adatdan daşary ýagdaý wagtynda has ýokary galdy. Kanun çykaryjy... Читать дальше...

Şwed kazyýeti Eýranda syýasy tussaglary gynan öňki resmini ömürlik tussaglyga höküm etdi

Azathabar.com 

Şwed kazyýeti 14-nji iýulda 1980-nji ýyllarda Eýranda syýasy tussaglaryň köpçülikleýin jezalandyrylmagyna we gynalmagyna gatnaşmakda aýyplanýan öňki resmini ömürlik tussaglyga höküm etdi. 61 ýaşly Hamid Nuri 2019-njy ýylda Stokgolm howa menzilinde tussag edildi. Ol 1988-nji ýylda Eýranyň Karaj şäherindäki Gohardaşt türmesinde syýasy tussaglary köpçülikleýin öldürmek we gynamak bilen baglylykda uruş jenaýatlarynda aýyplanýar. Bu ganhorlyk Eýranyň ýolbaşçylaryny weziplerinden agdaryp, öz hökümetini gurmakçy bolan syýasy-söweşiji guramanyň... Читать дальше...

Baýden, Lapid Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegine ýol bermezlik wadasyny berýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Ysraýylyň premýer-ministri Ýair Lapid bilelikde Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak wadasyny berdi, şol bir wagtda bu iki ýaran Tähran bilen iş salyşmagyň anyk ýollary boýunça başga-başga pikirlerde galdy. "Biz Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegine ýol bermeris" diýip, Baýden 14-nji iýulda, ABŞ-nyň prezidenti hökmünde 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda işe başlaly bäri Ýakyna Gündogara edýän ilkinji sapary wagtynda, "Iýerusalim Jarnamasyna" gol çekilenden soň guralan metbugat ýygnagynda aýtdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000






Никогда не верила в крупные победы: жительница Подмосковья дважды выиграла в «Национальной Лотерее» по миллиону рублей

ГЖД показала сервисную площадку для «Ласточек» в Нижнем Новгороде

На станции Конаково в Тверской области электричка сбила мужчину

Продюсер Пригожин заявил, что россияне любят певца Меладзе из-за вечных песен