Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Aşgabat hassahanalary Berdimuhamedowyň ýaş toýunda yssy 'uran' näsaglardan 'basylýar'

0
Aşgabat hassahanalary Berdimuhamedowyň ýaş toýunda yssy 'uran' näsaglardan 'basylýar'

Aşgabatdaky hassahanalarda bejergi wagty azalýan näsaglara, yssydan ejir çeken adamlaryň birden köpelmegi sebäpli, hassa ornuny basymrak boşadyp, özlerine öýlerinde seretmegi teklip edýärler diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär. Yssy howa bilen bagly maglumatlar Azatlygyň habarçylaryndan hem köp geldi. Häzir Aşgabatda hem içi geçýän adamlaryň birden köpelendigi habar berilýär. Ozal Azatlyk Balkan sebitinde içgeçmeden barha köp adamyň ejir çekýändigini habar beripdi.

Garaşsyz neşiriň ýazmagyna görä, 28-29-njy iýunda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş toýy mynasybetli guralan köpçülikleýin çärelere çekilen ýüzlerçe student, döwlet edaralarynyň işgärleri, artistler we sazandalar lukmanlara kömek sorap ýüz tutdy, olaryň onlarçasy keselhana ýerleşdirilip, agyr ýagdaýa ýa orta agyrlyk ýagdaýynda galýar.

Saglyk edaralaryna baran ýa eltilen pidalaryň köpüsi Büzmeýinde we Aşgabadyň etegindäki “ak öý” binasynda, daşary ýurt aýdymçylarynyň hem gatnaşmagynda, 28-29-njy iýunda guralan baýramçylyk çäreleriniň geçirilen ýerlerinden getirildi.

Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, şol günler ýurduň sebitlerinde we paýtagtda howanyň gyzgyny 47-48,5 gradusa çenli baryp ýetdi. Emma muňa garamazdan, TH hökümet çäreleriniň ne paýtagtda, ne sebitlerde ýatyrylandygyny belleýär.

Türkmenistanda adat bolşuna görä, hökümetiň geçirýän dabaraly çäreleri howanyň aşa yssy ýa sowuk, ýagynly ýa ýelli bolmagyna garamazdan, oňa gatnaşýan raýatlaryň, şol sanda okuwçylaryň we ýaşuly adamlaryň saglyk ýagdaýy nazara alnyp, ýatyrmak ýa-da ejir çekenler barada habar bermek praktikasy ulanylmaýar.

Ýurduň esasy baýlygynyň adamlardygyny aýdýan türkmen metbugaty raýatlaryň yssy howa şertlerindäki agyr iş, durmuş şertleri barada maglumat bermän, diňe gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri gaýtalamak bilen çäklenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Тарпищев: нельзя Медведева назвать главным претендентом на золото Олимпиады






Геннадий Зюганов возложил цветы к Вечному Огню Мемориала танкистам-первогвардейцам

Михаил Мишустин внес на утверждение в Госдуму новый состав российского правительства

«Иркутск» уступил на выезде «Чертаново»

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”