Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Gurban Berdiýew töwrizli futbolçylara tälim berer

0
Gurban Berdiýew töwrizli futbolçylara tälim berer

Türkmen tälimçisi Gurban Berdiýew Eýranyň Töwriz şäherine baryp, ýakynda şertnama baglaşan täze toparynyň ― “Traktoryň” klub infrastrukturasy bilen tanyşdy diýip, “Türkmenportal” tractor-club.com web sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, ýerli wekiller türkmenistanly tälimçini toparyň türgenleşik bazasyna we “Ýadegar-e Emam” stadionyna aýladylar.

Şeýle-de, tälimçi klubyň dolandyryş binasy, myhmanhanasy, sport zaly, saglyk merkezi we tälimçiler binasy bilen tanyşdy.

G. Berdiýew 2017-nji ýylda dünýäniň iň gowy 50 tälimçisiiniň sanawyna girdi.

2001-2013-nji ýyllarda Orsýetiň “Rubin” futbol klubunda tälim beren, 2014-nji ýylda “Rostow” klubuna ýolbaşçylyk eden Gurban Berdiýewiň tagallasy bilen, bu komandalar ençeme gezek üstünlikli çykyş etdi.

Gurban Berdiýew 1990-njy ýyllaryň aýagynda Aşgabadyň “Nisa” futbol komandasyna tälim berdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Саснович пробилась во второй раунд турнира WTA-1000 в Риме






В Болгарии начали инвентаризацию запасов НПЗ ЛУКОЙЛ Нефтохим Бургас

Песков: Ни одна страна антигитлеровской коалиции не пригласила Россию на торжества в честь разгрома нацистов

Врачи Домодедовской больницы извлекли из желчного пузыря пациентки стакан камней

Телеведущая Тина Канделаки опубликовала фото студенческих времен