Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Türkmenistanda zähmet haklary we beýleki tölegler köpeldiler

0
Türkmenistanda zähmet haklary we beýleki tölegler köpeldiler

Prezident Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýulda Türkmenistanda geljek ýylyň başyndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky karara gol çekdi.

Permanda aýdylmagyna görä, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň; pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň; talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmaly.

Şeýle-de, permana laýyklykda, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 1880 manat möçberde; Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 550 manat möçberde; pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 450 manat möçberde; döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 430 manat möçberde bellener.

Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1160 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.

Bu karara ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekilendigi aýdylýar.

Türkmenistanda zähmet haklarynyň 10% köpeldiljekdigi her ýyl alty aý öňünden, iýulda habar berilýär we şu aralykda durmuşyň, harytlaryň näçe gymmatlandygy, manadyň hümmeti baradaky anyk maglumatlar aýdylmaýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Тарпищев: нельзя Медведева назвать главным претендентом на золото Олимпиады






В Воронеже пройдет ежегодный джазовый фестиваль ДОН JAZZ

Бастрыкин заинтересовался фактом падения игрового аппарата на ребенка в ТЦ Москвы

12 мая в Москве ожидается облачная погода с прояснениями

«Основания полагать»: Патрушев оценил влияние заморозков на урожай текущего года