Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Türkmenistanda “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

0

Çärýekde bir gezek üç dilde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy diýip, TDH habar berýär.

Žurnalyň bu sany BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň “BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary” atly makalasy bilen açylýar.

Awtoryň tassyklamagyna görä, “BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen adam hukuklarynyň milli ulgamyny kämilleşdirmek babatda uzak möhletleýin esasda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar”.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea bolsa, žurnalda çap edilen makalasynda “köpýyllyk hyzmatdaşlygyň, ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini, terbiýelenilmegini, ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijeli häsiýetini” belleýär.

“Gender deňligi we demokratik jemgyýetiň ösüşi” atly makala bolsa, zenanlaryň mümkinçiliklerini hem-de olaryň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady durmuşa gatnaşygyny giňeltmek meselelerine bagyşlanypdyr.

“Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam hukuklarynyň goraglylygynyň kepillikleri we raýat jemgyýetiniň ösüşi” atly makalada ýurdumyzda adam hukuklaryny goramak ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeler barada gürrüň berilýär” diýip, TDH ýazýar.

Türkmenistan soňky onýyllyklarda halkara hukuk toparlary tarapyndan adam hukuklaryny we azatlyklaryny bozmakda, söz, metbugat, din, hereket azatlyklaryny çäklendirmekde yzygiderli tankyt edilýär. Emma ýurtda doly döwlet gözegçiliginde neşir edilýän habar serişdelerinde bu meseleler  barada hiç zat aýdylmaýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублёв в трёх сетах обыграл Маркоса Гирона и вышел в третий круг «Мастерса» в Риме






Что сейчас можно найти в гаражах Москвы? Например, старую Волгу, простоявшую 30 лет без движения

Еще один участок на М-4 «Дон» в Ростовской области станет платным с июня

Президент ТПП РФ Сергей Катырин в ходе рабочего визита в Абу-Даби встретился с председателем Федерации торгово-промышленных палат ОАЭ Абдуллой Аль-Мазруи

Диетолог рассказала, как есть шашлык и не толстеть