Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Polisiýa gizlenip, düzgün bozan pyýadalary 'awlaýar'

0
Polisiýa gizlenip, düzgün bozan pyýadalary 'awlaýar'

Şu günler Mary welaýatynyň dolandyryş merkezi Mary şäheriniň ýol polisiýasy köçeleri pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerden kesip geçen raýatlara köpçülikleýin pul jerimesini salýar. Bu raýatlaryň köpüsi Gurban baýramynyň soňky günlerinde sebitiň etrapdyr obalaryndan welaýat paýtagtyna gezelenç etmäge gelen marylylar bolup, olar özlerine öňünden hiç hili duýduryş berilmezden jerime salynmagyna nägilelik bildirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berdi.

"Köp adam gurbanlygyň soňky günlerinde, 11-12-nji iýulda Marynyň paýtagtyna aýlanmaga geldi. Polisiýa işgärleri baglaryň aşagynda ýa-da hususy awtoulaglarynda gizlenip, pyýadalar ýoly kesip geçýänçä hiç bir garasyny görkezmän, gizlenip durýarlar. Ýaşaýjylar ýoluň beýleki tarapyna geçensoň, polisiýa olardan yzyna geçmegi talap edýär we olary polisiýa awtoulagyna salyp, şäher polisiýa bölümine äkidip, jerime ýazýar" diýip, efirde atlandyrylmazlygyny soran maryly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny 13-nji iýulda gürrüň berdi.

Polisiýa bölümine alnyp gidilen we jerime salnan marylylaryň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, köçäni pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerden kesip geçen her bir raýat 40 manat jerime tölemeli boldy.

"Polisiýa bölümine eltilen adam kän. Olaryň arasynda ýaş gyzlar we çagaly gelinler, gartaşan erkek adamlar we aýallar hem bar. Çagaly gelinleriň köpüsi çaga üçin berilýän kömek pulunyň hasabyna ýaşaýandyklaryny aýdyp, özlerine duýduryş berlip goýberilmegini haýyş etdi. Ýöne polisiýa işgärleri olara " ýolbaşçylar tarapyndan buýruk berlendigini" aýdyp, olaryň haýyşlaryny kanagatlandyrmady" diýip, maryly ýaşaýjy belledi.

Habarçymyz saklanan damlaryň arasynda, jerimäni tölemäge puly bolmansoň, şäheriň zir-zibil çeleklerine aýlanyp, iýmäge azyk gözleýän welosipedlerini satmaga mejbur bolýanlaryň hem bardygyny aýdýar.

Polisiýa pyýadalara garşy reýdleri şäheriň esasy dört - Kemine, Mollanepes, Aşgabat we Oguzhan köçelerinde geçirýär. Ýöne şäheriň beýleki köçelerinde bular ýaly reýdler alnyp barylmaýar. Şeýle-de, welaýatyň beýleki şäherlerinde we etraplarynda hem şeýle reýdler geçirilmeýär.

Marylylaryň sözlerine görä, polisiýa bu reýdleriň sebäplerini "raýatlaryň janyna howp salmazlyk" üçin geçirilýändigi bilen düşündirýär. Ýöne olar raýatlaryň "näme üçin biz ýoly kesip geçmänkä, bizi saklap, bize birje gezek bolsa-da duýdyryş bermeýärsiňiz?" diýen sowallaryna jogap bermeýärler.

"Bu raýatlary talamagyň ýene bir usuly bolup, häkimiýetler adamlaryň baýramçylyk üçin köpçülikleýin şähere gelmeginden peýdalanýarlar. Olar adamlara duýduryş bermezden, dessine jerime salýarlar. Şäheriň dört köçesinden başga ýerde, başga şäherlerde we etraplarda, obalarda bular ýaly zat ýok. Hatda Mary şäheriniň beýleki köçelerinde pyýadalar üçin geçelgeler hem tas ýok. Seýrek aralykda bar bolan geçelgeleriň hem ak reňkdäki çyzyklary öçüp, tas görünmeýär" diýip, maryly ýaşaýjy häkimiýetleriň ilatyň baýramçylyk keýpini bozandygyny hem belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary şäheriniň Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda häkimiýetler köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan pyýadalara gözegçiligi wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Bu gözegçilikler, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine” üýtgeşme girizilip, ýol hereketini bozýanlara salynýan jerimeleriň mukdarynyň artdyrylmagynyň yz ýany has-da batlandy.

Resmi metbugatda 11-nji maýda çap edilen goşmaçalara laýyklykda, pyýadalaryň geçmesiz ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden geçmegi, olaryň gadagan ediji ýa-da buýruk beriji ýol belgileriniň talaplaryny berjaý etmezligi binýatlyk mukdaryň 0,4 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär. Has ozal, bu jerime binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegi hökmünde kesgitlenipdi.

Türkmen metbugatyna görä, binýatlyk mukdar Türkmenistanda 100 manat möçberinde kesgitlenýär.

Köçeleri pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerden kesip geçen raýatlara jerime salmak tejribesi Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň kanunlarynda hem göz öňünde tutulýar. Ýöne bu ýurtlaryň aglabasynda, AÝ/AR-nyň özbek, gazak, gyrgyz we täjik gulluklarynyň maglumatlaryna görä, bu kanun iş ýüzünde seýrek amal edilýär we polisiýa gizlenip, düzgün bozan pyýadalary gözlemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Касаткина обыграла Марию и вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме






Shot: уехавшая из РФ Дапкунайте задолжала налоговой почти 550 тыс. рублей

Актрисе Наталье Теняковой экстренно вызвали скорую помощь

ВС РФ заняли территорию Волчанского аэродрома, ВСУ обороняют район мясокомбината

Вильфанд объяснил, почему с начала мая в России так холодно