Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Garagalpagystanda girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgünleri gowşadyldy

0

Garagalpagystanyň çäginde Özbegistanyň prezidentiniň karary esasynda girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni ýumşadyldy.

“Garagalpagystan respublikasyndaky ýagdaýyň durnuklaşmagyny we sebitiň ýaşaýjylarynyň kadaly durmuşa dolanmagyny nazara alyp, Özbegistan respublikasynyň prezidenti tarapyndan Garagalpagystanyň çäginde girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni ýumşadyldy, ýagny sagat 21: 00-dan sagat 07: 00-a çenli hereket edýän komendant sagady sagat 23: 00-dan sagat 05: 00-a çenli hereket eder” diýip, prezidentiň metbugat gullugy 13-nji iýulda habar berdi

Prezidentiň metbugat gullugy Şawkat Mirziýoýewiň Garagalpagystanda adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegi barada 2022-nji ýylyň 2-nji iýulynda gol çeken kararyna degişli üýtgetmeleri girizmek baradaky karara gol çekendigini we, tassyklamak üçin, Oli Mejlisiň palatasyna iberilendigini aýtdy.

Özbek häkimiýetleriniň maglumatyna görä, 1-2-nji iýulda Nukusda ýurduň täze konstitusiýasynda Garagalpagystanyň "özygtyýarlylyk" statusyny ýatyrmak baradaky teklibe garşy geçirilen köpçülikleýin protestlerde 18 adam ölüp, 243 adam ýaralandy. Protestlerden soň 516 adamyň tussag edilendigi habar berildi.

Bu wakadan soň Garagalpagystanda bir aýlyk adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Шнайдер вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме, победив Самсонову в российском дерби






Пескоструйную очистку более 170 инженерных сооружений проведут в Москве

Горожанам рассказали о программе фестиваля «Московская весна» на 10-12 мая

Лукашенко о ядерных учениях: для того, чтобы применить такое оружие, надо тренироваться

Антонов прокомментировал возможность ведения диалога Москвы с Западом