Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Baýden, Lapid Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegine ýol bermezlik wadasyny berýär

0
Baýden, Lapid Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegine ýol bermezlik wadasyny berýär

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Ysraýylyň premýer-ministri Ýair Lapid bilelikde Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak wadasyny berdi, şol bir wagtda bu iki ýaran Tähran bilen iş salyşmagyň anyk ýollary boýunça başga-başga pikirlerde galdy.

"Biz Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegine ýol bermeris" diýip, Baýden 14-nji iýulda, ABŞ-nyň prezidenti hökmünde 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda işe başlaly bäri Ýakyna Gündogara edýän ilkinji sapary wagtynda, "Iýerusalim Jarnamasyna" gol çekilenden soň guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu wadanyň aýrylmaz böleginiň Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegine ýol bermezige ygrarlylylykdygyny we özüniň bu netijäni gazanmak üçin milli güýjüniň ähli elementlerini ulanmaga taýýardygyny nygtaýar" diýip, beýanatda bellenýär.

"Ýadro ýaragly Eýrany togtatmagyň ýeke-täk ýoly Eýranyň azat dünýäniň güýç ulanjakdygyny bilmeginde” diýip, Lapid jarnama gol çekilenden soň aýtdy.

Baýden Tel Awiw şäherine 13-nji iýulda geldi. Ol  özüniň uzak syýasy karýerasysynyň çäginde, beýleki wezipelerde işlän döwründe hem Ysraýyla ençeme gezek sapar edipdi.

ABŞ administrasiýasynyň uly derejeli agzasy žurnalistlere bu jarnamanyň ABŞ bilen Ysraýylyň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän howpsuzlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltjekdigini aýtdy.

"Bu jarnamanyň ähmiýeti uly bolup, ol Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegine hiç wagt ýol bermezlik we Eýranyň durnuksyzlaşdyryjy tagallalaryna, hususan-da Ysraýyla abandyrýan howp-hatarlaryna garşy durmak borçnamalaryny öz içine alýar" diýip, resmi aýtdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Елена Рыбакина напугала болельщиков перед защитой титула






Глава Мытищ Юлия Купецкая поздравила ветеранов с Днем Победы

Работу Wink и «Кинопоиска» могут приостановить за пропаганду ЛГБТ*

Депутат Мособлдумы Черемисов поздравил Елизавету Терон с 9 Мая

Псковичи стали серебряными призерами турнира по волейболу «Кубок Феникса»