Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Putin "Russiýanyň howpsuzlygyna garşy" täze jeza çärelerini tassyklady

0
Putin 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin jenaýat kodeksine girizilen birnäçe üýtgetmäni tassyklady, olarda uzak wagtlyk türme tussaglyklary nazarda tutulýar.

"Russiýanyň bähbitlerine ters gelýän maksatlar esasynda" daşary ýurtlardaky ýaragly çaknyşyklara islendik görnüşde gatnaşan; duşmanyň tarapyna geçen, daşary ýurt döwletine ýa-da guramalaryna, olaryň wekillerine "Russiýanyň howpsuzlygyna garşy çärelerde" kömek beren raýatlara 500 müň rubl jerime bilen 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek howpy abanýar.

“Russiýanyň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen çärelere” ýa-da häkimiýetleriň howpsuzlygy üpjün etmek işine “päsgel berilmegine” açyk çagyryş eden raýatlar dört ýyla çenli azatlykdan mahrum ediler ýa-da 500 müň rubla çenli jerime tölemeli bolar.

Eger-de şeýle çagyryşlar resmi wezipeden peýdalanyp, metbugatyň ýa-da internetiň kömegi bilen, bir topar adam tarapyndan edilen bolsa, türme möhleti alty ýyla çenli, jerime möçberi bir million rubla çenli ýokarlandyrylýar.

"Russiýanyň howpsuzlygyna bilkastlaýyn gönükdirilen çäreleri" wagyz etmek üçin daşary ýurt döwletiniň ýa-da guramasynyň wekili bilen gizlin hyzmatdaşlyk eden raýatlara sekiz ýyl azatlykdan mahrum edilmek we bir million rubl jerime töledilmek garaşýar.

“Döwlet syry” hasaplanylýan maglumaty daşary ýurda iberen ýa geçiren raýatlara dört ýyla çenli türme tussaglygy ýa-da 500 müň rubl jerime tölemek garaşýar.

Şeýle-de, prezident tarapyndan tassyklanan kanun üýtgetmelerinde döwlet syrlaryna eýe bolanlaryň, ýedi ýyl azatlykdan mahrum edilmek howpy astynda, Russiýadan rugsatsyz gitmegi gadagan edilýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Шнайдер вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме, победив Самсонову в российском дерби






Baza: более 26 миллионов рублей исчезло со счетов московского монастыря

Калужане выиграли 8 медалей на всероссийских соревнованиях по пауэрлифтингу

Не пейте эти помои: эти бренды кофе не смейте брать даже по акции

В Петрозаводске ярмарка пройдет на новом месте