Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Ispaniýada yssy howa sebäpli 360 adam öldi

0
Ispaniýada yssy howa sebäpli 360 adam öldi

Ispaniýanyň jemgyýetçilik saglygy instituty ýurtdaky aşa yssy howanyň eýýäm 360 adamyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdy.

Geçen annada yssy bilen baglanyşykly ýogalan adamlaryň 123 sanysynyň hasaba alnandygy habar berildi. Ýewropanyň günortasyndaky aşa yssy howa 8-nji iýuldan bäri dowam edýär, Ispaniýanyň käbir sebitlerinde howanyň gyzgyny 45 gradusa ýetdi.

Yssy, epgek tolkunlary Portugaliýa hem baryp ýetdi. Portugaliýanyň Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, 7-nji iýuldan 13-nji iýula çenli aralykda yssy sebäpli 238 adam öldi. Hususan-da hroniki keselleri bolan garrylaryň arasynda ýogalan köp boldy.

14-nji iýulda Portugaliýada howanyň gyzgynlygy 47 derejä baryp ýetdi - bu gözegçilik taryhynda ýurtda iýul aýynda görlen iň yssy howadyr.

Ýewropanyň günorta-günbataryndaky yssy we güýçli ýel sebäpli tokaý ýangynlary möwç alýar. Fransiýada, ýangynyň iň köp turan ýeri bolan Žironda departamentinde ýangyn howpy sebäpli 14,000-den gowrak oba ýaşaýjysy ewakuasiýa edildi.

Bu ýerde eýýäm 10 000 gektardan gowrak ýeri ýangyn gaplap aldy. Fransiýanyň 96 departamentiniň otuz sekizisi howplulygyň "mämişi" duýduryş derejesini yglan etdi.

Angliýanyň London, Ýork we Mançester ýaly şäherleri öz içine alýan böleginde, howanyň aşa yssylygy sebäpli, adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Касаткина обыграла Марию и вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме






В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Звезды российской эстрады поздравили молодоженов на Выставке “Россия”

Сценарии для любого торжества, праздника, корпоратива - квесты, ролевые игры, конкурсы. Ищем авторов сценариев.

Боевые гранаты обнаружены в туалете военного госпиталя имени Бурденко в Москве