Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

“Lager meniň ruhumy döwdi”. Gazak şahyry Sinjiangdaky tussaglyk hakda

0

Asly gazak bolan Hytaýyň Sinjiang welaýatynyň Altaý sebitindäki Žemeneý etrabynda doglan 46 ýaşly Žazira Asenkyzy il arasynda gowy tanalýar. Onuň goşgulary we hekaýalary köplenç ýerli neşirlerde çap edilýärdi, käbirleri hytaý diline terjime edilipdi. 2017-nji ýylda şahyr zenany tussag edip, syýasy taýdan täzeden tälim beriş lagerine atdylar. Azatlyga çykandan bir ýarym ýyldan soň, ol Gazagystana geldi. Bu hekaýat Žaziranyň öz dilinden beýan edilýär.

"MYDAMA SI JINPINGI GÖRKEZÝÄRDILER"

— 2017-nji ýylyň 3-nji maýynyň ir ertirdi. Žemeneýdäki etrap jemgyýetçilik howpsuzlyk gullugynda işleýän bir gazak ýigidi maňa jaň edip, öz ýanyna gelmegimi haýyş etdi. "Pasportyňyzy alyň" diýdi. Ondan öň ýerli ýaşaýjylardan pasportlaryň ýygnalýandygyny eşidipdim. Beýlekilerden bolşy ýaly, meniňem pasportymy almagy karar edendirler diýip oýlandym. Ol ýere baran badyma, bilezigimi, monjuklarymy, gulakhalkamy aýyrmaga mejbur boldum, telefonymy-da aldylar. “Biziň düzgünimiz üýtgedi. Bar zadyňyzy girelgede goýuň, çykanyňyzda alarsyňyz" diýip düşündirdiler. Soňra meniň telefon parolymy soradylar. Telefony açdylar hem mazmunyny barladylar. Içeri girenimde, elime zynjyr urup, meni sorag edip başladylar.

Soň olar meniň öýüme geldiler. Şahsy kitaphanamda takmynan 1500 kitap bardy. Ilkinjileriň arasynda Gurhany aldylar we Şakarymyň kitabyny görkezip, onuň nireden gelendigini soradylar. Şakarymyň kitabyny elinde tutup: "Seni bu wahhabi bilen näme baglanyşdyrýar?" diýdiler. Men: "Ol dünýä belli Abaýyň kiçi dogany, şahyr hem aň-bilim ýaýradyjy" diýdim. “Şol döwürde hemmeler şeýle sakgal goýberipdiler. Ol 100 ýyl mundan ozal aradan çykdy" diýdim hem güldüm. Olar maňa "garşy durdy" diýip ýazdylar.

Şu güne çenli-de näme üçin lagere atylandygym we näme üçin boşadylandygym baradaky soraga jogap tapyp bilemok. Sebäbi lagere getirilen pursatymyzdan, üç sany soragy bermek gadagan edildi: "Näme üçin meni tussag etdiler?", "Bu ýerden haçan çykaryn?" we "Näme üçin bu ýerde saklanyş şertleri ýaramaz?"

Ol ýerde gök we gyzyl plastmassa oturgyçlar bardy. Biz olarda oturýardyk. Ýokardan asylan uly ekran mydama diýen ýaly Si Jinpingiň Afrika we Saud Arabystanyna eden saparlaryny we Hytaýyň gazananlaryny görkezýärdi. Ir ertirden agşama çenli bize: “Biz dünýäde öňdebaryjy ýurt bolarys. Hytaý dili dünýäde öňdebaryjy dil bolar. Şonuň üçin dili gowy öwreniň. Geljekde siz Hytaý topragynda doglanyňyza buýsanarsyňyz" diýýärdiler.

"70-80 ÝAŞLY AÝALLARYŇ TOPUGYNA URANLARYNDA, NÄHILI ÝYKYLÝANDYGYNY GÖRDÜM"

— Lagerde bigünä ýaşlar, orta ýaşly eneler, garry aýallar otyrdylar. Olaryň hiç biri-de näme üçin tussag edilendigini bilmeýärdi. Her günde bir gezek bizi howla çykaryp, bir-bir ýarym sagat harby güýçler ýaly maşklary etmäge mejbur edýärdiler. 80 ýaşly garrylaryň şeýle maşklary etmäge güýji ýetjekmi, olar aýaklaryny zordan gymyldadyp bilýärler. 70-80 ýaşly aýallaryň topugyna uranlarynda, nähili ýykylandygyny gördüm. Garry bendeler "gös-göni durup bilmedikleri" üçin, olaryň kebzesine urýardylar.

Lagerde penjiresi bolmadyk garaňky otag bardy. "Eger aýdylany ýerine ýetirmeseňiz, şol otaga gabarys" diýip, bizi gorkuzdylar. Ol ýerde demir oturgyç bolup, oňa “gaplaň oturgyjy” diýilýärdi. Elleriňi we aýaklaryňy zynjyra baglap, 72 sagatlap şol oturgyçda goýýardylar. Biz betonyň üstünde ýatýardyk. Aşaga düşemäge berlen ýorganlar şeýle bir ýuka bolup, kä ýerinden şöhle görnüp durdy. Ýyladyş ulgamyny bilgeşleýin öçürýärdiler, netijede, meniň arkamda agyry peýda boldy. Arkam agyrýar, maňa doktora ýüz tutmak gerek diýenim üçin, dört sagatlap hereket etmän durmaga mejbur etdiler. Şonda huşumy ýitirdim, ýere ýykylanymda, kellämi döwdüm. Döwlen ýer şeýle bir yzaly boldy welin, häzirem basylanda düwün duýulýar.

Bize ol ýerde iýmit ýeterlik däldi. Berilýäni haýwan iýmine meňzeýärdi. Kartoşka, käşir, kelem böleklere bölünip, olar ýuwlup-arassalanmazdan gaýnadylýardy.

Lagerde biziň bilen iki sany ýaş gazak gyzy boldy, olar joradylar, çagalykdan bile ulalypdyrlar. Bir gün bile oturyp gürleşýärdiler. Garawullar olary rehimsizlik bilen urup, aýagy bilen depdiler. “Näme meýilleşdirýärsiňiz? Bize ýokardan sargyt bar. Sizi öldürsek-de, munuň üçin hiç zat bolmaz" diýip, olary ýençdiler. Lagere düşen ilkinji günlerimde köp aglaýardym, ejizledim we ýykyldym. Sebäbi olar meni iki günläp aç goýup sorag etdiler. Ýöne men öz huşumdadym. Şonda türmäniň ýolbaşçysynyň: “Ölse, ölsün. Ony bizden sorajak bolmaz" diýenini öz gulagym bilen eşitdim.

Geň tarapy, hytaý häkimiýetleri özlerini beýleki ýurtlaryň öňünde aklap, merkezlere hytaý dilini bilmeýän we hünäri bolmadyk adamlary iberýändiklerini aýdýarlar; olara hünär öwretmek, gaýtadan taýýarlamak, hytaý dilini öwret bilen meşgullanýarys diýýärler. Ýöne lagerde bolanlaryň arasynda mugallymlar, döwlet işgärleri we hatda başlangyçdan orta mekdebe diňe hytaý dilinde okap öwrenenler bar. Şol sebäpden, "hytaý dilini we iş tejribelerini öwredýändikleri” baradaky sözleri ýerliksiz. Mysal üçin, meniň üç dürli hünärim bardy. Men hytaý dilinde erkin gürleýärin.

Men diňe ýazyjy däl, üç dürli kärim bardy: Meniň "Kyrmyzy" import-eksport kompaniýam bolup, Russiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana we Mongoliýa öý üçin mebel ibermek bilen meşgullandym. Gazak milli eşiklerini, gyzlar üçin bukjalyk, syýahatçylara ýadygärlik sowgatlaryny öndürýän “Selbestik” önümçilik kärhanam bardy (ol ýerde 30 töweregi işgärim bardy, öý-hojalykçy aýallary işe çekýärdim). Şeýle hem senagat önümlerini satýan kiçijik dükanym bardy.

2018-nji ýylyň 23-nji dekabrynda bizi lagerlerden boşadyp başladylar. Meni 25-nji dekabrda, ýary gije goýberdiler. Şondan soň alty aýlap, öý tussaglygynda boldum. 2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda, 60 ýaşly ejemi we iki kiçi uýamy galdyryp, gaçyp diýen ýaly, Gazagystanyň Zaýsane serhedinden geçdim.

Hytaý hökümeti – ol kommunistik sistema. Adam tarapyndan döredilen hudaý bar. “Biz, Si Jinping siziň hudaýlaryňyz. Siz marksizm-leninizm ýolundan ýöräň. Mao Zedongyň ideýalaryny öwreniň. Seni jennete ýetirjek-de, dowzaha eltjek-de bizdiris "diýýärler. Şoňa görä ähli azlykdakylar ol ýerden gaçmak isleýär.

"ÖŇKI WIZAMYŇ MÖHLETI GEÇSE-DE, GAZAGYSTAN GAÝTADAN WIZA BERDI"

Diňe bir maňa däl, eýsem hytaý zulumyndan halas bolanlaryň hemmesine eglişik edendigi üçin, Gazagystanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýän. Lagere barmazymdan ozal Gazagystana bir ýyllyk wizam bardy, ýöne serhetden geçmäge ýetişmedim. Lagerde bir ýarym ýyl boldum, şeýdip wizamyň möhleti gutardy. Muňa garamazdan, Gazagystan maňa üç ýyllyk wiza berdi. Bir gazak aýaly bolsa-da, ony goýbersinler diýip hasap eden bolmaly. Ikinjiden, gelenimden üç aýyň içinde, maňa graždanlyk berildi.

Men häzir hiç iş etmeýärin. Hytaýdaky işim lagerde bolanymda ýatyp galdy. Lagerde meni ruhy, maddy hem fiziki taýdan döwdüler.

Ýanwar wakalary wagtynda howpsuzlyk güýçleri bizi-de berk yzarladylar, esasanam kim lagerde bolan bolsa, oňa ýakyndan gözegçilik edildi. Bu ýerde "Milli howpsuzlyk komitetiniň" agzasydygyny aýdýan adamlar bar. Olar adyny aýtmaýarlar we telefon belgilerini bermeýärler. Seni islendik ýerde saklap: "Ýanwar wakalary barada saňa näme mälim?", "Olara daşardan gelenler gatnaşdymy?" diýen ýaly düşnüksiz soraglary berip bilýärler. Dogrusyny aýtsam, men kemsidildim. Sebäbi Sinjiangda ýaşanymyzda, bize öweý çagalar ýaly seredýärdiler. Ata-babalarymyzyň watanyna gaýdyp gelenimizde, Hytaýda doglup, şol ýerde ösüp-ulalandygymyz üçin ezilýäris. Onsoň biz nirä gitmeli?! Mysal üçin, maý aýynda Gündogar Türküstan Milli Geňeşiniň ikinji gurultaýyna gatnaşmak üçin, Germaniýa gitdim. Ýolbaşçylaryň özleri maňa jaň edip, lagerdäki başdan geçirenlerim hakda, gürleşip biljekdigimi soradylar. Men razy boldum. Yzyma gaýdyp gelenimde, adyny aýtmaýan "KNB ofiseri" jaň edip: “Näme üçin Germaniýa gitdiňiz? Näme üçin bizden rugsat almadyň? Ol ýerde näme diýildi?” diýip soraýar. Men daşary ýurda gitmäge olardan rugsat soramalymy ýa-da men jenaýat eden we berlen hökümi ýerine ýetirmedik adammy?

Gazagystana gelenimden soň, “Halkara hukuk inisiatiwasy” jemgyýetçilik gaznasynyň üsti bilen medisina barlagyndan geçdim. Golaýda bolsa hirurgiki operasiýany başdan geçirdim.

Lagerden çykanymdan soň, wakalary we hadysalary ýatdan çykarýandygymy bilip başladym. Şeýle ýatdan çykarmak diňe bir mende däl, lagerlerde bolanlaryň hemmesinde-de bar. Lagerde bolanymyzda bize näbelli sanjym edildi. Şonda bize "ýokanç keselleriň öňüni almak üçin" sanjym edýändiklerini aýtdylar – diýip, Žazira Asenkyzy gürrüň berýär.

Hytaý häkimiýetleriniň Sinjiang sebitiniň ýerli halklaryna – uýgurlara, gazaklara, gyrgyzlara we yslam dinini kabul eden beýleki halklaryň wekillerine zulum edýändigi baradaky habarlar 2017-nji ýyldan bäri aýdylyp gelýär.

2018-nji ýylda, Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary gurluşy Sinjiang lagerlerinde bir milliona golaý adamyň saklanýandygyny habar berdi. Pekin ilki başda Sinjiangdaky lagerler baradaky aýyplamalary ret etdi, soňra muny "ekstremizme garşy göreş" diýip häsiýetlendirdi we lagerleri "dil öwreniş we hünär okuw merkezleri" diýip atlandyrdy.

Halkara barlagçylaryň 2020-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda çap eden hasabatynda, hytaý häkimiýetleriniň uýgurlaryň we beýleki esasan musulman etniki toparlarynyň, şol sanda gazaklaryň sanyny çäklendirmek üçin, Sinjiangda aýallary sterilizasiýa amallaryny geçirmäge ýa-da göwreliligiň öňüni alyş çärelerini ulanmaga mejbur edýändigi aýdylýar.

ABŞ we Günbatar ýurtlary Hytaýyň Sinjiangdaky syýasatyny tankytlaýarlar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary Sinjiangdaky hereketleri üçin, Hytaýa sanksiýalar girizen ilkinji ýurt boldy. Hytaý bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýan Gazagystanyň häkimiýetleri jemgyýetiň görkezýän basyşyna garamazdan, Sinjiangda musulmanlaryň yzarlanmalaryna resmi taýdan baha bermeýär. Resmi wekiller "Sinjiangdaky ýagdaý – bu Hytaýyň içerki syýasaty" diýip, birnäçe gezek mälim etdiler.

Hytaýdan gelen Gazagystandaky toparlar öz ýakynlarynyň Sinjiangda saklanýandygyny subut edýärler, olar birnäçe ýyl bäri Almatydaky Hytaý konsullygyna we Hytaýyň Nur-Sultandaky ilçihanasyna baryp, garyndaşlarynyň boşadylmagyny talap edýärler. Gazagystanda olara "parahatçylykly ýygnaklar baradaky kanuny bozmakda" aýyplama bildirilip, birnäçe gezek jerime salyndy.

Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Теннисист Хачанов вышел в третий круг "Мастерса" в Риме






Бабаев: если Акинфеев захочет, контракт будет продлён

Россиянам рассказали, как легко просыпаться по утрам на работу

Начался отборочный этап московского чемпионата «Абилимпикс»

Более четырех тысяч человек присоединились к акции «Мы помним» в Музее Победы