Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Eýran kazyýeti protestleri goldan kinoçynyň 6 ýyl türmede oturmalydygyny aýdýar

0
Tähran kazyýeti eýranly meşhur kinoçy Jafar Panahiniň hökümete garşy demonstrasiýalary goldandygy üçin on ýyldan gowrak ozal berlen alty ýyl türme möhletini oturmalydygyny aýdýar.


"Panahi 2010-njy ýylda jemi alty ýyl azatlykdan mahrum edildi ... we şu sebäpden öz türme möhletini oturyp geçirmek üçin Ewin tussaghanasyna girdi" diýip, kazyýetiň metbugat wekili Massud Setaýeşi 19-njy iýulda žurnalistlere aýtdy.


62 ýaşly Panahi şu aýyň başynda, yslam respublikasynyň ähli künjeginde guralýan anti-hökümet protetsleriniň ýygjamlaşmagyndan alada galan häkimiýetleriň başga pikirlileri basyp ýatyrmak tagallalaryny güýçlendirmegi sebäpli täzelenen çäreleriň çäginde tussag edildi.


Panahi tussag edilmezinden birnäçe gün öň 300-den gowrak eýranly kinoçynyň we medeni aktiwistiň aktiwist kinoçylar Muhammet Rasulofyň we Mostafa al-Ahmediň tussag edilmegini ýazgarýan hatyna gol çekdi.


Şertli ýagdaýda boşadylmazyndan ozal, Panahi aslynda 2010-njy ýylda iş kesilenden soň iki aý türmede oturypdy.


Azatlyga çykarylmagynyň çäginde oňa kino işlerine gatnaşmak ýa-da ýazmak, daşary ýurda gitmek gadagan edildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса