Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Aşgabat-Arçman aralygynda mejbury ýowar geçirildi

0

19-njy iýulda Aşgabatda, howanyň temperaturasynyň kölegede 40 gradusdan geçýän tomsuň bu günlerinde, kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri bilen birlikde býujetçiler mejbury ýowara çekildi.

“Aşgabatdan Arçmana çenli aralykda, şol sanda Abadan, Gökdepe sebitlerinde hem arassaçylyk işleri geçirildi. Ir sagat 9-dan öýlän 13-e çenli ýollaryň ugurlaryny arassalatdylar. Bölünip berlen her ýer üçin degişli sebitiň işgärleri çekildi” diýip, bu mejbury çärä gatnaşdyrylan býujet işgärleriniň biri 20-nji iýulda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol häkimiýetleriň jokrama yssyda işledilen adamlaryň, şol sanda zerur hajatlary üçin hem hiç hili şertleri döretmändiklerini, hatda içimlik suw bilen hem üpjün etmändiklerini aýtdy.

Öňünden duýdurylmazdan geçirilen bu mejbury ýowaryň sebäplerini resmi taýdan anyklap bolmady.

Emma Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan býujetçiler, munuň ýakynda prezidentiň maşgala agzalaryndan käbiriniň Arçmana syýahat etmegi bilen baglydygyny bellediler.

Türkmenistanda prezidentiň dürli sebitlere edýän sapalarynyň öňýanynda mejbury ýowarlary geçirmek eýýäm öňden bäri dowam edip gelýän tejribe bolsa-da, soňky döwürlerden bäri ýurtbaştutanynyň maşgala agzalarynyň hem barýan ýerlerinde güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirilýär we beýleki gadagançylyklar girizilýär.

Şu aýyň başynda prezident Serdar Berdimuhamedowyň dogan-garyndaşlarynyň Hazaryň kenarynda dynç almak üçin "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelmegi bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäheriniň käbir köçeleri, bazarlary we söwda merkezleri günde azyndan üç gezek ýapyldy, olara adaty adamlar goýberilmedi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Adam gaçakçylygy boýunça 2022-nji ýyldaky ýyllyk hasabatynda türkmen hökümetiniň mejbury zähmeti ulanmak, ululary we çagalary her ýyl mejbury pagta ýygymyna çekmek, jemgyýetçilik çärelerinde we beýleki ugurlanda ulanmak syýasatyny dowam etdirendigi hem aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Касаткина обыграла Марию и вышла в третий круг турнира WTA в Риме






В Бийске Алтайского края при пожаре в больнице эвакуировали более 40 человек

Мантуров уйдет с поста главы Минпромторга, но сохранит пост вице-премьера

Собянин: Количество креативных кластеров в Москве увеличилось почти в два раза

Водителей предупредили о дожде и заморозках на трассе М-4 в Воронежской области