Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanda maglumat giňişligini 'goramaga' çagyrdy

0
Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanda maglumat giňişligini 'goramaga' çagyrdy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň Gyrgyzystanda geçirilen sammitinde döwlet habar serişdeleriniň işini utgaşdyrmaga we düzgünleşdirmäge çagyrdy diýip, “Türkmen.news” neşiri onuň çykyşynyň Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat gullugy tarapyndan çap edilen wideosyna salgylanyp habar berýär.

Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlary üçin esasy howpuň "içerki syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak" synanyşyklary we "ekstremist we radikal elementleriň" aralaşmagy bilen baglydygyny aýtdy.

Şeýle-de ol, “Merkezi Aziýadaky ýagdaýa sebitiň araçäklerine ýakyn ýerlerde bolup geçýän harby-syýasy konfliktleriň netijeleriniň ýetirýän ýaramaz täsiri” we “daşardan öňden gelýän taryhy däp-dessurlara düýpden çapraz gelýän pikir we garaýyş döretmek üçin maglumat tehnologiýasynyň bikanun ulanylmagy” barada durup geçdi.

Şu ýagdaýlar bilen baglylykda, Türkmenistanyň prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet habar beriş serişdeleri sebitiň maglumat giňişliginiň goragynda durmaly diýip hasaplaýar.

Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça halkara hasabatlarynda yzdan iň soňky orunlarda durýar we garaşsyz neşirleriň ýurt içinde işleýän habarçylary gizlenip, gorkuda işlemäge mejbur bolýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме






WhatsApp поменял зеленый дизайн на черный и белый

Ремонт Центральной улицы в Черноголовке завершат до конца года

Некапитальное строительство в Москве от компании Граунд

Как надо ПРОДАВАТЬ СЦЕНАРИЙ, ПЬЕСУ, СИНОПСИС.