Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Türkmenistan ‘Belgorhimprom’ bilen dawasynda ýuristlere ‘goşmaça $6 million töledi’

0
Türkmenistan ‘Belgorhimprom’ bilen dawasynda ýuristlere ‘goşmaça $6 million töledi’

ABŞ-nyň ýuridiki kärhanasy “Squire Patton Boggs” Türkmenistandan onuň Belarusyň ‘Belgorhimprom’ kompaniýasy bilen arbitraž dawasyndaky goragy üçin goşmaça 6 million dollary sorady. Bu barada habar berýän turkmen.news neşiri, mundan öň Türkmenistanyň bu kärhananyň ýuristleriniň hyzmaty üçin dokuz million dollar berendigini hem ýatladyp geçdi.

Garaşsyz neşir, özüne elýeterli bolan dokumentlere salgylanyp, alty million dollaryň şu ýazda, sud çykdajylary üçin soralandygyny habar berdi. Maýda prezident Serdar Berdimuhamedow bu pullary ‘Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň öz hasabyna tölemelidigi barada buýruk çykardy.

Iýunyň başynda turkmen.news neşiri Türkmenistanyň “Türkmenhimiýa” döwlet konserni Belarusyň “Belgorhimprom” kärhanasy bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde çeken zyýanynyň $911 milliona deň bolandygyny kesgitländigi barada habar beripdi.

Çekilendigi aýdylýan zyýanyň hyzmatdaşlygyň anyk haýsy ugry boýunça ýetendigi gönümel aýdyňlaşdyrylmasa-da, munuň belarus tarapynyň 2017-nji ýylda Lebabyň Garlyk sebitinde guran dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty bilen baglydygyny çaklasa bolýar.

2009-njy ýylda düýbi tutulan Garlyk kombinatynyň eýesi bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, habarlardan mälim bolşuna görä, potratçynyň bu kärhana boýunça öz üstüne alan işlerini doly berjaý etmändigini aýtdy, “Belgorhimprom” bolsa, taslamany doly tamamlandygyny, emma iş buýrujynyň edilen iş üçin doly tölegi geçirmändigini öňe sürdi.

Munuň bilen baglylykda, Stokgolmyň Söwda palatasynyň Arbitraž edarasynda türkmen tarapyna dünýäniň iň iri ýuridiki şirketleriniň biri bolan “Squire Patton Boggs” wekilçilik edýär. Mälim bolan maglumata görä, Türkmenistan bu firma eýýäm 15 million dollar töläpdir.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Виктория Азаренко

Азаренко: Я из среды, где не принято говорить о своих чувствах, поэтому пришлось учиться






Британские ВМС заявили о нападении неизвестных на судно в Аденском заливе

Российские врачи назвали простой продукт для снижения «плохого» холестерина

Звукорежиссера оштрафуют за накладку во время трансляции парада в Москве

Очевидица рассказала, что последний залп салюта на юго-востоке Москвы попал в людей