Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Hindistanda jelephana döretmekde aýyplanyp türkmenistanly jübüt saklandy

0
Hindistanda jelephanany esaslandyrmakda aýyplanyp bäş adam, şol sanda Türkmenistandan bolan bir maşgala tussag edildi diýip, The Times of India neşiri habar berýär.


Derňewiň maglumatyna görä, 47 ýaşly Ahmet Meredow we onuň 37 ýaşly aýaly Aziza Jumaýewa Nýu-Delide jelephanany döredip, ol ýerde daşary ýurtly aýal-gyzlary tenini satmakda ulanypdyrlar.


Derňewçiler bu işde türkmenistanly jübütler bilen birlikde şärik bolmakda aýyplanyp, Hindistanyň iki raýatynyň we Özbegistanyň 47 ýaşly bir raýatynyň hem saklanandygyny aýtdylar.


Jelephanada işledilen aýal-gyzlaryň ählisiniň daşary ýurtlydygy aýdylsa-da, olaryň haýsy döwletleriň raýatydygy aýdyňlaşdyrylmaýar.


Türkmen metbugatynda bu waka barada maglumat berilmeýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса