Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Dubaýdan gelen birnäçe ýolagçyda koronawirusyň bardygy 'anyklandy'

0
Dubaýdan gelen birnäçe ýolagçyda koronawirusyň bardygy 'anyklandy'

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Dubaý ugry boýunça dikelden dowamly howa gatnawlary arkaly ýurda dolanan ýolagçylarda COVID-19-yň bardygy anyklandy. Bu barada dogan-garyndaşlary Dubaýdan gelen türkmenistanlylaryň birnäçesi Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Bu aralykda, Aşgabadyň çagalar keselhanasynyň we ýokanç keseller hassahanasynyň näsaglardan, hususan-da çagalardan dolandygy habar berilýär. Bu waka, Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy çäreleriň güýçlendirilýän mahalyna gabat gelýär.

Azatlygyň Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň aeroportundaky ynamdar çeşmeleriniň maglumatyna görä, 22-nji iýuldan 23-nji iýula geçen gije Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinden ugran uçar Türkmenabadyň aeroportuna gondy.

"Dowamly howa gatnawlary arkaly ýurda dolanan raýatlaryň birnäçesinde koronawirusyň bardygy anyklandy. Olaryň testleri pozitiw netije görkezdi" diýip, hossary karantine alnan türkmenistanlylaryň biri anonimlik şertinde 26-njy iýulda gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenabadyň aeroportundan we Lebabyň saglyk resmilerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi. Şeýle-de, anyk näçe ýolagçyda koronawirusyň bardygyny hem anyklap bolmady.

Çeşmelerimiziň sözlerine görä, adatça dowamly howa gatnawlary arkaly ýurda dolanan raýatlardan ilki COVID-19 testi alynýardy, soňra-da olar öýlerine goýberilýärdi.

"Ýöne bu gezek olar ýaly bolmady we tutuş uçar karantine alyndy. Olar Türkmenabadyň baş karantin zonasyna ýerleşdirildi" diýip, hossary karantine alnan türkmenistanly aýtdy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 30-njy maýdan Dubaýa (BAE) hepdede bir gezek yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeltdi. Ýöne kompaniýa iýul aýyndan başlap, Dubaýa hepdede iki gezek gatnawy amala aşyryp başlady. Uçuşlar duşenbe we anna günleri amala aşyrylýar. Aşgabatdan Dubaýa uçýan uçarlar yzyna gelende Türkmenabat şäheriniň aeroportuna gonýar.

"Ýolagçylar uçardan düşürilenden soňra ekipaž agzalaryndan COVID-19 testi alynýar. Olaryň testleri negatiw netije görkezse, boş uçar Aşgabada uçýar. Uçar bu ýerden ýene adaty howa gatnawlaryny amala aşyrýar" diýip, aeroportdaky çeşmämiz aýtdy.

Bu aralykda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň çagalar keselhanasynyň we ýokanç keseller hassahanasynyň näsaglardan, hususan-da çagalardan dolandygyny habar berýärler.

"Men oglum bilen ýokanç keseller hassahanasynda birnäçe gün ýatdym. Oglumyň ýiti bronhit bilen keselländigini aýtdylar we bizi keselhanadan çykaryp, öýümize goýberdiler. Keselhana çaga näsaglardan doly" diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz 26-njy iýuldan başlap, býujet işgärleriniň tas ählisiniň koronawirusa garşy dördünji sanjymy almaga mejbur edilýändigini hem habar berýär. Onuň sözlerine görä, býujetçileriň köpüsi özleriniň üçünji sanjymy urduranyndan bäri alty aýyň geçmändigini aýdyp, sanjymy etdirmek babatynda ikirjiňlenýärler.

"Saglyk işgärleri dördünji sanjymyň üçünji sanjym edilenden üç aý soň urulýandygyny aýdýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly býujet işgäri aýtdy.

Habarçylarymyz ilat arasynda dördünji waksinany kabul etmekden ýüz öwürýänleriň bardygyny we munuň sebäbiniň sanjymlara bolan ynamsyzlykdan ugur alýandygyny habar berýärler.

Ylmy barlaglar Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan tassyklanan sanjymlaryň koronawirusa garşy täsirlidigini subut edýär.

Türkmenabat we Aşgabat şäherlerinden gelip gowşan bu maglumatlar, pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň ýeke hadysasynyň-da hasaba alynmandygyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleriniň Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy çäreleri güýçlendirýän mahalyna gabat gelýär.

25-nji iýulda Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz Türkmenbaşy we Balkanabat şäherleriniň köçelerinde we köpçülik ýerlerinde dezinfeksiýa çäreleriniň geçirilýändigini we ilatdan ýene-de maska dakynmagyň talap edilýändigini habar berdiler.

Tomsuň başynda ýurt boýunça koronawirus çäklendirmeleri bölekleýin esasda resmi derejede gowşadyldy, hususan-da, açyk howada köpçülik ýerlerinde maska dakynmak talaby ýatyryldy.

Ýöne şu aýyň başynda ýurtda koronawirusyň ýaýramagyna garşy çäreler gaýtadan güýçlendirilip başlandy. 8-nji iýulda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtdaky hassahanalaryň maska talap edip başlandygyny habar berdi. Koronawirusa garşy talaplaryň güýçlendirilmegi entek resmi taýdan yglan edilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анастасия Павлюченкова

Павлюченкова официально аккредитовала на турнир в Риме двух своих собак






Армения на пороге новых больших вызовов

Пара из новосибирского села Локти сыграет свадьбу на ВДНХ в Москве

Антонов: Россия может вести диалог с Западом исключительно на равных условиях

Ярославский энергетик принял участие в Параде Победы в Москве