Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Türkmenistandan alabaý itlerini çykarmak çäklendirilýär

0
Türkmenistandan alabaý itlerini çykarmak çäklendirilýär

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň çäginden Alabaý itlerini çykarmagy çäklendirýän kanuna gol goýdy.

Türkmenistanyň itçilik we kinologiýa işi hakyndaky kanunda ýuridiki we fiziki şahslar tarapyndan it Türkmenistanyň çäginden çykarylanda, gümrük nokatlaryndaky degişli gulluklaryň işgärleriniň ol itiň eýeçiligini tassyklaýan resminamanyň we beýleki degişli resminamalaryň görkezilmegini talap etmäge hukuklarynyň bardygy aýdylýar.

Şeýle-de, itleriň Türkmenistanyň çäginden çykarylmagy ygtyýarlandyrylan edaradan rugsatnama alynmaga degişlidigi bellenilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän we aýratyn goralýan tohum itleriň kadastryna girizilen seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda duran tohumlara, tohum toparlaryna we  ýokary gymmatly görnüşlerine degişli itleriň eksport edilmegi çäklendirilýär.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda alabaý itleriniň kultyny güýçlendirip, "Hormatly itşynas" we "At gazanan itşynas" atlaryny, şeýle-de "Ýylyň edermen alabaýy" medalyny döretdiler we türkmen alabaý itleriniň baýramyny esaslandyrdylar.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri on ýyl töweregi wagt bäri ýurtda öýsüz haýwanlary köpçülikleýin ýok etmek boýunça kampaniýa alyp barýarlar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Финалистка юниорского Уимблдона-2023 получила временное отстранение за допинг






В Подмосковье гендиректор украл 19 млн руб, выделенные на ремонт памятников ВОВ

Фестиваль «Музыкальная экспедиция» стартует в Псковском музее 17 мая

В Москве состоится международный турнир с участием ЦСКА, «Динамо» и сербских клубов

Летние лагеря в Лобне примут 960 детей