Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Türkmenistan Gyrgyzystana bir ýylda eksport etjek elektrik energiýasyny alty aýda 'iberdi'

0
Türkmenistan Gyrgyzystana bir ýylda eksport etjek elektrik energiýasyny alty aýda 'iberdi'

Türkmenistan şu ýylyň birinji alty aýynda Gyrgyzystana 1,7 milliard kWt-sagat elektrik energiýasyny eksport etdi. Bu barada "Trend" neşiri Gyrgyzystanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, 30-njy awgustda habar berdi.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri Türkmenistanyň alty aýyň dowamynda Gyrgyzystana iberen elektrik energiýasynyň möçberiniň tutuş ýylyň, ýagny 2022-nji ýylyň dowamynda eksport etmegi meýilleşdiren mukdaryndan-da has köp bolandygyny habar berýär.

"2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistandan Gyrgyzystana bahasy 45,6 million dollara barabar bolan 1,7 milliard kWt-sagat elektrik energiýasy iberildi" diýip, "Trend" ýazýar.

Neşir 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 59,8 million dollara deň bolandygyny we munuň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende tas dört esse ýokarydygyny hem belleýär. Geçen ýyl bu görkeziji 15,2 million dollara barabar bolupdyr.

"Türkmenistanyň Hronikasynyň" 31-nji awgustda çap eden habaryna görä, şu ýylyň maý aýynda gyrgyz Energetika we senagat ministrliginiň başlygynyň orunbasary Tilek Aýtaliýew Gyrgyzystanyň 2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistandan 1,5 milliard kWt-sagat elektrik energiýasyny satyn almagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Gyrgyzystanyň Döwlet statistika komiteti we agzalýan gyrgyz resmisi bilen habarlaşyp, kommentariýa alyp bilmedi. Ýöne habar websaýtlarynyň getirýän sanlary Türkmenistanyň Gyrgyzystana bir ýylda eksport etjek mukdaryndan-da has köp elektrik energiýany alty aýda iberendigini görkezýär.

Bu habarlar energiýa resurslaryna baý Türkmenistanyň öz ilatynyň ýyllarboýy dowam edýän tok ýetmezçiligi bilen bagly problemasynyň tomsuň jokrama yssy günlerinde ýene ýitileşdigi barada maglumatlaryň yzygiderli gowuşýan mahalyna gabat geldi.

Azatlyk tomus paslynyň dowamynda paýtagt Aşgabatda we welaýatlarda ýaşaýjylaryň elektrik energiýasynyň ençeme sagatlap kesilmegi we hojalyklara berilýän toguň güýjüniň pesdigi barada onlarça gezek habar berdi.

“Biziň daýhan birleşigimizde her gün agşam sagat 12:00-den soň tok öçýär we irden sagat 5:00 töwereklerinde tok gelýär. Geçen agşam çagalar “tok ýok, garaňky, gorkýas” diýensoň, men potrat ýerimi taşlap gaýtmaly boldum. Irden potrat ýerime gelip görsem, meniň üç günläp ýygdyran 1 tonnadan gowrak pagtam ýok. Ogurlanypdyr” diýip, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy 29-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň elektrik üpjünçiligindäki problemalary aç-açan boýun almaýarlar. Muňa derek ýurt resmileri elektrik energiýasyny öndürmek we daşary ýurtlara eksport etmek boýunça ösüş sanlaryny ýygy-ýygydan yglan edýärler.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Pürçekow 12-nji awgustda prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berip, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgininiň 112,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgininiň 141,3 göterime barabar bolandygyny aýtdy.

Türkmenistan, geçen ýyla çenli, öz elektrik energiýasyny Owganystana, Eýrana we Özbegistana satýardy. Geçen ýylyň awgustynda Türkmenistan öz müşderileriniň hataryna Gyrgyzystany hem goşdy.

Bu aralykda, "Trend" neşiri şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Gyrgyzystana bahasy 1,6 million dollara barabar benzin import edendigini hem habar berýär. Bu habar soňky aýlarda ýurduň dürli sebitlerinde benzin gytçylygynyň emele gelendigi, käbir ýangyç beketleriniň her bir awtoulag üçin benziniň möçberini çäklendirip başlandygy barada habarlaryň yzygiderli gowuşýan mahalyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Анастасия Потапова вышла во второй круг турнира WTA-1000 в Риме






Две пары Поморья примут участие во Всероссийском свадебном фестивале в рамках Международной выставки-форума «Россия»

Зачем подставлять лицо ветру и обходить огород 12 мая: приметы и запреты на день Девяти целителей

ИПГ: мощность магнитной бури снизилась с экстремального до сильного уровня

Тульский «Экспресс Офис» не пробился в 1/8 финала Континентальной футбольной лиги