Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2022

Новости за 23.05.2022

Türkmenistanda gözellige bolan isleg saklanýar, ussalar gizlin işleýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda dürli kosmetiki hyzmatlaryň gadagan edilmegi olara bolan islegi azaltmady. Paýtagtda we welaýatlarda, ilat gizlin işlemäge mejbur bolan ussalara ýüzlenmegini dowam etdirýär. Tutulmak we jerimä sezewar bolmak töwekgelçiligi müşderileri-de hünärmenleri-de saklamaýar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary soňky ýagdaýlar barada gürrüň berýärler.

Daýhanlar bugdaý oragynyň bosagasynda gallanyň heniz doly bişmändigini aýdýarlar

Azathabar.com 

Türkmenistanda iýun aýynyň başlarynda bugdaý oragyna resmi taýdan badalga berilýär. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy sebitiň käbir bugdaý meýdanlarynda galla oragyna girişilendigini habar berýär. Ýerli gallaçylar hasylyň heniz taýýar däldigini, bugdaýyň heniz doly bişmändigini aýdýarlar.

Azatlygyň habaryndan soň, Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly hassahanasynda barlag geçirildi. Hassahananyň baş lukmany saklandy

Azathabar.com 

Türkmenbaşy şäherindäki täze açylan köpugurly hassahanada dowam edýän korrupsiýa barada, Azatlyk Radiosynyň habarlaryndan soň, ol ýere Aşgabatdan ýörite derňew topary iberildi. Birnäçe jogapkär adamyň, şol sanda bir aý mundan ozal açylan hassahananyň baş lukmanynyň tussag edilendigi barada habar ýaýrady. Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahana 15-nji aprelde, prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, dabaraly ýagdaýda açylypdy. Iki hepdeden soň, Azatlyk saglyk işgärleriniň we täze hassahananyň... Читать дальше...

Tähranda Yslamçy rewolýusiýa gorag korpusynyň polkownigi öldürildi

Azathabar.com 

22-nji maýda Tähranda Eýranyň yslamcy rewolýusiýa gorag korpusynyň saýlama bölüminiň polkownigi öz öýüniň gapdalynda atylyp öldürildi. Ýöriteleşdirilen "Al-Kuds" güýçleriniň serkerdeleriniň biri bolan Saýýad Hodaýi, Azatlyk radiosynyň Eýran gullugynyň resmi habara salgylanyp beren maglumatyna görä, iki sany motosiklli hüjümçi tarapyndan atylyp öldürildi. Kast ediş hüjümi şäheriň gündogarynda bolup geçdi, Hodaýiniň bäş gezek tüpeölenendigi habar berildi. Bolan wakanyň jogapkärçiligini öz üstüne alan tapylmady. Читать дальше...

Güýçli şemal maryly daýhanlaryň umytlaryny ‘ýele sowurdy’

Azathabar.com 

Geçen dynç günleri Mara gelen güýçli şemal sebitdäki gülläp oturan baglara, bakja önümlerine ýaramaz täsir ýetirdi, daýhanlary hem uly zyýana goýdy. “21-nji maýda Maryda irden başlanan şemal ýary gijä çenli dowam etdi. Bu ýyl baglarymyzy sowuk urdurman saklap bilenimize begenip otyrdyk welin, bu ýel baglaryň güllerini, ýaňy bişip başlan käbir miweleri ýere dökdi” diýip, Marynyň Garagum etrabynyň daýhanlarynyň biri 23-nji maýda ýerli habarçymyza gürrüň berdi. Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini... Читать дальше...

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri Brýusselde duşuşyp, Dagly-Garabag meselesini maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel 22-nji maýda Brýusselde Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bilen Dagly-Karabag meselesine bagyşlanan üç taraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda ikitaraplaýyn gepleşik geçirdi. Bakuwyň beýanatynda aýdylmagyna görä, Aliýew Mişele "Azerbaýjan Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak we parahatçylyk şertnamasyna gol çekmek üçin halkara hukugyna esaslanýan bäş ýörelgäni kesgitledi" diýdi. Paşinýan... Читать дальше...

Ahalda öňki prezidentiň 'seýislän' atynyň heýkeli ýerleşdirilen monument gurlar

Azathabar.com 

Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ‘seýislän’ aty diýilýän Akhan atly atyň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak baradakykarara gol çekdi. Ol bu netijä öňki prezidentiň eserlerini "durmuşymyzyň ähli ugurlarynda belent maksatlara ýetmekde ýolgörkeziji şamçyrag, ruhlandyryjy ylham çeşmesi" diýip häsiýetlendirenden soň geldi. Täze at ýadygärligini gurmak sebit häkimliginiň boýnuna düşýär we, Türkmenistanyň prezidentiniň kararyna laýyklykda... Читать дальше...

Azatlygyň habaryndan soň, Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly hassahanasynda barlag geçirildi. Hassahananyň baş wraçy saklandy

Azathabar.com 

Türkmenbaşy şäherindäki täze açylan köpugurly hassahanada dowam edýän korrupsiýa barada, Azatlyk Radiosynyň habarlaryndan soň, ol ýere Aşgabatdan ýörite derňew topary iberildi. Birnäçe jogapkär adamyň, şol sanda bir aý mundan ozal açylan hassahananyň baş wraçynyň tussag edilendigi barada habar ýaýrady. Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahana 15-nji aprelde, prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, dabaraly ýagdaýda açylypdy. Iki hepdeden soň, Azatlyk saglyk işgärleriniň we täze hassahananyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Елена Рыбакина рассказала о проблемах на турнире в Мадриде






4288 рублей готовы потратить на шашлычную корзину россияне весной 2024

2 тыс родителей выпускников с ОВЗ посетили собрание по инклюзивному образованию

Танцы, демонстрации и мини-футбол. Как Москва отпразднует Первомай

Акарицидная обработка завершена в парках Подмосковья