Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2022

Новости за 09.05.2022

Gagarumlylardan zeýkeşleri gazmak üçin pul ýygnalýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimiýetleri zeýkeşleri gazmak we arassalamak üçin ýaşaýjylardan, şol sanda telekeçilerden we kärendeçilerden pul ýygnaýarlar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar, ýygnalýan pullara garamazdan, zeýkeşleriň talaba laýyk gazylmaýandygyny aýdýarlar. Ýagdaýdan habarly çeşmelerimiziň we ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu çäre üçin oba ýaşaýjylaryndan pul ýygnamak baradaky karara etrap häkimliginde geçirilen ýygnakda gelindi. Читать дальше...

Marylylar ozalky azyk resmileriniň tussag edilmegini "gözboýagçylyk" häsiýetlendirýär

Azathabar.com 

Türkmen telewideniýesinde aglap "toba edýän" ozalky azyk resmileriniň görkezilmegi şu günler Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň arasynda esasy gürrüňleriň birine öwrüldi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýaşaýjylar korrupsiýanyň ýokardan gaýdýandygyny belläp, tussag edilmeleri "gözboýagçylyk" diýip häsiýetlendirýärler we döwlet dükanlaryndaky azyk üpjünçiligi bilen bagly meseläniň çözülmeýändigini aýdýarlar.

Iýmelimi ýa-da derman almaly? Türkmen pensionerleri krizisde gün görmäge synanyşýarlar

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş derejesiniň goňşy ýurtlardaky pensiýalaryň mukdary deňeşdirilende, Merkezi Aziýa regionynda iň pes bolmagy ähtimal. Ýurduň hökümetiniň ykdysadyýetiň ösüşi we ilatyň abadançylygy barada aýdan sözlerine garamazdan, garyp ilatyň, şol sanda garrylaryň sany ep-esli artýar. Köp adamlar agyr mätäçlikde ýaşaýarlar. Pensionerleriň öz sözlerine görä, köpleriň pensiýasy iýmite zordan ýetýär, derman almak köpler üçin elýeterli däl.

Balkanda soňky jaň üçin ýygnalýan pullar eli ýuka maşgalalary basyşa sezewar edýär

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň orta mekdeplerinde maý aýynyň aýagynda geçirilýän soňky jaň dabaralaryna görülýän taýýarlygyň çäginde uçurymlardan pul ýygnalyp başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu çäräniň başlamagy bilen, ozalam kyn ykdysady şertlerde ýaşaýan eli ýuka maşgalalaryň has köp basyşa sezewar bolýandygyny habar berýär.

Türkmenistanda gazet-žurnallara mejbury abuna ýazylmak möwsümi başlandy

Azathabar.com 

Türkmenistanda döwletiň berk gözegçiliginde saklanýan metbugata hökmany abuna ýazylmak möwsümi başlandy. 2022-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin geçirilýän bu mejbury çäräniň çäginde, döwletiň gözegçiligindäki we hojalyk hasaplaşygyndaky edara-kärhanalaryň işgärlerinden abuna ýazylandygy baradaky güwanama talap edilýär.

Siriýanyň prezidenti Tährana garaşylmadyk sapara geldi

Azathabar.com 

Siriýanyň prezidenti Başar al-Asad 8-nji maýda garaşylmadyk sapara gelip, Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi we Eýranyň prezidenti Ybraýym Raisi bilen duşuşdy. Bu Asadyň Siridýada 11 ýyl ozal başlan raýat urşundan bäri Eýrana eden ikinji sapary boldy. Yslam respublikasy, Russiýa bilen birlikde, Siriýanyň uruş döwründäki esasy ýaranlary boldy we olar Asadyň dolandyryşynyň saklanyp galmagyna goldaw berdi. Eýranyň habar serişdeleri Asadyň Hameneýi bilen elleşip, Raisiniň ýanynda ýylgyryp düşen suratlaryny çap etdiler. Читать дальше...

Türkmenistanyň prezidenti raýatlary 9-njy maý, Ýeňiş baýramy bilen gutlady

Azathabar.com 

“1941-1945-nji ýyllar adamzat taryhynyň iň pajygaly we hasratly döwri bolup, faşizmiň basybalyjylykly, talaňçylykly, adalatsyz, rehimsiz syýasatynyň netijesinde millionlarça ynsan bu nägehan urşuň pidasy boldy” diýip, Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy maý güni çap edilen gutlagynda aýdylýar. Doganlyk halklar bilen birlikde, türkmen halky hem bu ýowuz süteme garşy gaýduwsyz göreş alyp bardy. Merdana watandaşlarymyz geljekki nesilleriň parahat, asuda durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda edermenligiň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Хачанов обыграл Баутиста-Агуту в третьем круге «Мастерса» в Мадриде






«Автомобили-утопленники» из зон паводков начинают «всплывать» в регионах России

"Хватит нас эксплуатировать": мигранты подались в Европу из России, где их не ценят

На парад Победы в Москве запретили проносить вейпы, флаги и воздушные шары

Герои России, меры поддержки многодетных семей и показ «Карины» в стране: топ-10 новостей недели