Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2022

Новости за 16.05.2022

'Serişde üstündäki uruş'. Türkmenistanda zir-zibile mätäç bolanlaryň sany artýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynda zir-zibil dörmegiň üstünde güýçli bäsdeşlik gidýär, käbirler üçin bu hakyky işe öwrülýär. Zibil gaplarynyň içindäki galyndylar ugrundaky göreş gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýar. Bu işe başga girdejisi bolman, gaýtadan işlenip bilinýän serişdeleri ýygnap, tabşyrmak bilen gazanç edýän adaty adamlar, jemagat edaralarynyň işgärleri, şeýle-de aşa garyplykda ýaşap, galyndylary dörmäge ýa-da dilegçilik etmäge mejbur bolan adamlar bar.

Finlandiýaly, şwesiýaly kanun çykaryjylar NATO agzalygyny maslahatlaşýar, Moskwa duýduryş berýär

Azathabar.com 

Russiýanyň iki demirgazyk goňşusynyň bu bileleşige goşulmagynyň "has agyr netijelere" getirjek "uly ýalňyşlyk" boljakdygyny duýdurmagy bilen, Finlandiýanyň we Şwesiýanyň kanun çykaryjylary 16-njy maýda NATO agzalygyna ýüz tutmak meselesini ara alyp maslahatlaşýar. Onlarça ýyl bitarap ýurt bolan Finlýandiýa we adatça ýaranlyklara goşulmakdan çeke duran Şwesiýa, öz ýurtlarynda Russiýanyň harby agressiýasy sebäpli güýçlenen aladalaryň arasynda, NATO ýaranlygyna goşulmak meselesine ýakyn geldi. Ikinji... Читать дальше...

Tanymal gürji žurnalisti Gwaramiýa türme tussaglygyna höküm edildi

Azathabar.com 

Tanymal oppozisiýa žurnalisti Nika Gwaramiýa korrupsiýa aýyplamalary bilen 3 1/2 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, tarapdarlary bu aýyplamanyň syýasy sebäplidigini aýdyp, onuň azat edilmegine çagyrýarlar. Tbilisiniň şäher kazyýeti 16 maýda 45 ýaşly žurnalisti we aklawçyny 2019-njy ýylda "Rustavi 2" teleýaýlymynyň baş direktory bolup işlän wagtynda öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapdy. Kazy Laşa Çhikwadze Gwaramiýany ogurlykda hem günäkär tapdy we bu aýyplama üçin... Читать дальше...

Bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar ýene ýitileşýär

Azathabar.com 

Lebapda býujetçiler eýýäm bir hepde töweregi wagt bäri bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyklary çekýärler. Martdaky irki prezidentlik saýlawlaryna gabat bankomatlaryň işi az-kem kadalaşdyrylan bolsa-da, soňky aýdan bäri ilatyň pullaryny nagtlaşdyrmakdaky ozalky ‘oňaýsyz’ tejribeleri gaýdyp geldi.

Finlandiýa we Şwesiýa NATO-a goşulmak niýetlerini resmi taýdan yglan etdiler

Azathabar.com 

Finlandiýanyň hökümeti ýurduň Demirgazyk Atlantik bileleşigine girmegini gazanmak barada resmi karara gelendigini habar berdi. Bu habar premýer-ministr Sanna Marin bilen Finlandiýanyň prezidenti Sauli Niinistöniň bazar güni Helsinki şäherinde bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda yglan edildi. Bu karar indi parlamentde tassyklanmaly we ses berişligiň ýakyn günlerde bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de, Şwesiýanyň hem ýakyn wagtda NATO agzalygy üçin ýüz tutmagyna garaşylýar. Ýurduň dolandyryjy Sosial-demokratik... Читать дальше...

Aşgabatda Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli güni bellener

Azathabar.com 

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri geljek annada Aşgabatda Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň bellenilip, sadakasynyň beriljekdigini habar berýär. TDH-nyň we hökümetçi neşiriň habarlaryna görä, BAE-niň prezidenti, Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy sebäpli, bu ýurduň ýolbaşçylaryna gynanç bildirmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti Abu-Dabi şäherine gulluk iş saparyna baryp, hatyra çärelerine gatnaşdy. Читать дальше...

Türkmen-Amerikan hyzmatdaşlygynyň syýasy-ykdysady ugurlary maslahatlaşyldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň diplomatik gullugynyň baş direktory Kerol Peres we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň birinji orunbasary Din Tompson bilen duşuşdy diýip, Türkmen DIM-i 15-nji maýda habar berdi. Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimou hem gatnaşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Кто отец Дианы Джокович?






61 страна, 28 тысяч площадок: «Единая Россия» в шестой раз провела «Диктант Победы»

Объем закупок на Портале поставщиков превысил 24 млрд рублей в 2024 году

Фигурант дела о взятке замглавы Минобороны РФ Иванова обжаловал арест

Столичный завод наладил выпуск элемента для защиты кабелей