Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2022

Новости за 02.05.2022

Türkmenabadyň aeroportunda traktoryň tekeriniň ýarylmagy netijesinde bir işgär agyr ýaralandy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň aeroportunda traktordaky näsazlygy bejerýän bir işgär onuň tekeriniň ýarylmagy netijesinde agyr ýaralandy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ygtybarly çeşmelerimiz işgäriň iş wagtynda ýaralanmagyna ýolbaşçylaryň "geleňsizliginiň" sebäp bolandygyny aýdýarlar. Çeşmelerimiziň sözlerine görä, waka apreliň ahyrynda, aeroportuň tehniki işgärleri, şol sanda sürüjiler we tam süpürijiler ýowara çykarylanda boldy. "Ähli işgärler aeroportuň daşyndaky baglara ideg etmek üçin ýowara çykaryldy. Читать дальше...

Türkmenistandan Orenburg sebitine getirilen pomidorlarda 'zyýanly möjek' tapyldy

Azathabar.com 

Türkmenistandan Orsýete getirilen täze pomidorlaryň köpüsinde howply karantin obýekti, kartoşka kebelegi tapyldy diýip, rus mediasy habar berýär. Orenburg sebitiniň “Rosselkhoznadzor” edarasy 27-nji aprelde Sol-Iletsk şäherindäki “Service-Product” çäklendirilen jogapkärçilikli jemgyýetiniň wagtlaýyn ammarynda Türkmenistanyň Ahal sebtinden getirilen täze pomidorlaryň (18 tonna) karantin fitosanitar gözegçiligini amala aşyrdy. Bu önümler Türkmenistanda berlen fitosanitar şahadatnamalary bilen getirilipdir diýip, habarda aýdylýar. Читать дальше...

Aşgabatda karantin çäklendirmeleriniň ýeňilleşdirilýän wagty ilata basyş artýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda koronawirus karantininiň gowşamagy öňden ýygnanan meseleleri hasam açyp görkezdi. Ýurduň hökümeti tarapyndan birnäçe gezek girizilen uzak möhletli gulplamalar we ilata durmuş-ykdysady taýdan goldaw bermezligi ilatyň ýaşaýyş derejesiniň hasam peselmegine sebäp boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, çäklendirmeleriň köpden bäri garaşylan ýeňilleşdirilmegi köpler üçin täze kynçylyklara we gadaganlyklara öwrüldi.

Oraza baýramy: Metjitlerde baýram namazyna baran adamlardan sanjym kepilnamasy talap edildi

Azathabar.com 

Mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen, Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilip geçilýär. Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy aprelde türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2-nji maýda bellemek barada permana gol çekdi. Döwlet metbugaty türkmen prezidentiniň Oraza gutlagyny çap etdi. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimow hem Oraza baýramy mynasybetli türkmenistanlylary sosial media arkaly gutlady. Bu aralykda, Türkmenistanyň metjitlerinde 2-nji maýda irden okalan baýram... Читать дальше...

Häkimiýetler çäklendirmeleri gowşadyp, maska režimine gözegçiligi güýçlendirýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri koronawirus aladalary sebäpli girizilen karantin çäklendirmelerini gowşadyp başlan bolsa-da, raýatlaryň maska režimini berjaý edişine gözegçilikleri barha güýçlendirýär. Aşgabadyň köçelerinde maska geýmeýän adamlara jerime salynýar. Kanun goraýjy edaralaryň wekilleri şäheriň käbir orta mekdeplerine reýdleri geçirip, maskasyz ýa-da maskany talaba laýyk geýmedik okuwçylara pul jerimesini salýarlar. Şuňa meňzeş reýdler ýurduň Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda hem geçirilýär.

Aýal-gyzlaryň daşky keşbine girizilen gadagançylyk ‘alym-berime ýol açýar’, sosial torlarda nägilelik döredýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleriniň aýal-gyzlara gözegçiligi güýçlendirip, olaryň daşky keşbine döwlet derejesinde görlüp-eşidilmedik gadagançylyklary girizmeginden soň, polisiýa soňky günlerden bäri bu çäklendiriji düzgünleriň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirdi. Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan raýatlar munuň alym-berime, korrupsiýa hem ýol açýandygyny belleýärler. Bu aralykda, türkmen hökümetiniň aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryny çäklendirmek boýunça alyp barýan syýasatyna sosial ulgamlarda garşylyk görkezilýär.

Mary: Köçede el tutuşyp ýöreýän jübütler polisiýa bölümine alnyp gidilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň köçelerinde polisiýanyň raýatlara gözegçiligi günsaýyn güýçlenýär. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň polisiýa işgärleri köçelerde gözegçilik edýärler we el tutuşyp barýan jübütleri polisiýa bölümine alyp gidip, olar bilen düşündiriş işlerini geçirýärler. Resmiler aýal-gyzlara makiýaž etmeli däldiklerini aýdyp, başlaryna ýaglyk dakynmagy tabşyrýarlar. Häkimiýetleriň raýatlara garşy soňky gözegçilik çäreleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.

Özbegistan Owganystandan getirilen uçarlary yzyna gaýtarmakdan ýüz öwürýär

Azathabar.com 

Owganystandan gelen uçarlar aslynda ABŞ-nyň emlägi bolansoň, özbek häkimiýetleri ol harby uçarlary "Talybana" gowşurmagy meýilleşdirmeýär diýip, Özbegistanyň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Ismatulla Irgaşew "Amerikanyň sesine" beren interwýusynda aýtdy. Ýatladýarys, “Talyban” şu ýylyň ýanwar aýynda Özbegistandan we Täjigistandan 40 dikuçaryň yzyna gaýtarylmagyny talap etdi. "Talybanyň" Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Inoýatulla Horezmi "iki ýurduň hökümetine (Özbegistan... Читать дальше...

ABŞ-nyň Halkara Ösüş guramasy türkmen bagbanlarynyň halkara bazarlaryna çykmagyna kömek edýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Halkara Ösüş guramasy (USAID)Eksporty ýeňilleşdirmek başlangyjy çäresinde Türkmenistanyň daýhanlaryna GLOBALG.A.P şahadatnamasyny almak üçin bilelikde maliýeleşdiriş meýilnamasyny hödürleýän bäsleşigi yglan etdi, bu sertifikat täze bagbançylyk önümlerini esasy halkara bazarlaryna eksport etmekde möhüm ädim bolup durýar diýip, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň saýtynda 29-njy aprelde çap edilen habarda aýdylýar. Çäräniň dowamynda alty sany fermer geňeşçisine GLOBALG.A.P şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy hem geçirildi we indi olar... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Кто отец Дианы Джокович?






Жители Подмосковья смогут зарегистрировать дачи в праздники

Более 300 многодетных семей Сергиева Посада получили электронное удостоверение

По делу экс-замминистра обороны Иванова арестован его подчиненный Филатов

Сотрудники Щелковского Водоканала устраняют последствия ливня