Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2022

Новости за 31.05.2022

Pussy Riot topary bir türkmen agzasynyň Horwatiýada tussag edilendigini aýdýar

Azathabar.com 

Horwatiýanyň “Weçernyý list” neşiri dünýä belli Pussy Riot feminist aýdym-saz toparynyň türkmen agzasy bolan Aýsoltan Nyýazowanyň Türkmenistanyň haýyşy esasynda horwat serhedinde polisiýa tarapyndan tussag edilendigini habar berýär. Maglumata görä, Nyýazowa häzirki wagtda Türkmenistana ekstradisiýa edilmek howpy abanýar. Neşiriň Pussy Riot agzalaryna salgylanyp habar bermegine görä, Türkmenistan 2002-nji ýylda Interpola ýüz tutup, Aýsoltan Nyýazowany “gyzyl duýduryş” bilen gözlenýänleriň sanawyna goşupdyr. Читать дальше...

"Mukamlar köşgünde" Aşgabatdan Pariže aýdym-saz "syýahaty" boldy

Azathabar.com 

Aşgabatda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky sazandalar toparynyň ýene bir konserti Aşgabatda geçirildi. Aýdym-saz çäresi 28-nji we 29-njy maýda Mukamlar köşgüniň uly zalynda bolup, köpçülige konserte tomaşa etmäge mümkinçilik berdi. Konserte Azatlyk Radiosynyň habarçysy hem bardy. Tahyr Ataýewiň orkestriniň zehinli döredijilikli topary tomaşaçylara ýene bir aýdym-saz sowgadyny etdi. Koronawirus karantini sebäpli yza tesdirilen we 10-njy, 11-nji fewralda geçirilmegine garaşylan “Pariž, söýgim meniň!”... Читать дальше...

Türkmenistanda rus kanallarynyň ýaýlymy gaýtadan ýola goýuldy

Azathabar.com 

Aşgabatda ozal petiklenen Russiýanyň kanallarynyň ýaýlymy täzeden ýola goýuldy. Mundan öň, Türkmenistanda Russiýanyň Telewideniýe we radio boýunça döwlet kompaniýasyna (WGTRK) degişli ençeme, şol sanda “Rossiýa 1” we “Zwezda” kanallarynyň elýetersiz bolandygy barada maglumat berildi. Hususanda, Intelsat emeli hemra arkaly Türkmenistana ýaýlym beren WGTRK kanallary petiklenipdi.

Türkmenistan Halkara çagalar gününi we Bütindünýä welosiped gününi bellemäge taýýarlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistan 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara gününi, Halkara çagalar gününi we 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününi dürli köpçülik çäreleri bilen bellemäge taýýarlyk görýär. Şeýle taýýarlyklaryň çäginde, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy, Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde we Awazada geçiriljek çärelere Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy we täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berýär.

Türkmenistanda käbir rus telekanallary elýetersiz boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda Russiýanyň ençeme, şol sanda “Rossiýa 1” we “Zwezda” telekanallarynyň ýaýlymy elýetersiz boldy. Bu telekanallar ýurduň ygtyýarlandyrylan aragatnaşyk operatorlarynyň biri bolan “Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýaýlyma berilýärdi.

Häkimiýetler garaşsyz habar yzarlamazlyk şerti bilen ýerli ilata öý internetini hödürleýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri ýurduň gündogar welaýatynda ilatdan Azatlyk Radiosynyň websaýtyna girmezlik, döwlet syýasatyna garşy wagyzlary diňlemezlik ýaly talaplar bilen täze internet mümkinçiliklerini hödürleýär. “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasy Lebap welaýatynyň çäginde ozal internet toruna birikdirilmedik 10 müňden gowrak täze hojalyga öý internetini wada berýär.

COVID-19: Türkmenistan çäklendirmeleri ýatyrýar

Azathabar.com 

Öz çäginde koronawirusyň bardygyny ykrar etmedik ýeke-täk ada bolmadyk döwleti Türkmenistan COVID-19-yň ýaýramagy sebäpli girizen çäklendirmelerini kem-kemden aýyrýar we bu sapar daşary ýurtdan gelýänler üçin üç hepdelik karantini ýatyrýar. Şol bir wagtyň özünde-de adaty halkara howa gatnawy henizem dikeldilmedi.

Türkmen resmileri täze metjitleriň gurluşyklary üçin ‘haýyr-sahawat’ toplaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti ýurduň sebitlerinde bina ediljek täze metjitleriň gurluşyklaryna haýyr sahawat ýardamyny etmäge isleg bildirýän taraplar üçin “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynda ýörite hasap açdy diýip, hökümetçi Turkmenportal.com neşiri döwlet mediasyna salgylanyp habar berýär. Neşir haýyr-sahawat bank hasaplary baradaky maglumatyň metbugatda çap ediljekdigini aýdýar. Maýyň başlarynda Türkmenistanyň hökümeti sebit ýaşaýjylaryndan gelen islegleri nazarda tutup, ýurduň... Читать дальше...

Lebapda ýaşyl döwlet belgili ýeňil ulaglar saklanýar

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleriniň ýaşyl döwlet belgili awtoulaglara garşy alyp barýan kampaniýasy Lebap welaýatyna hem ýetdi. Mundan öň, Azatlygyň habarçylary Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) Aşgabatda we Balkanyň dolandyryş merkezi Balkanabatda ýaşyl döwlet belgili ulaglary köpçülikleýin saklap, jerime duralgasyna äkidýändigi barada habar beripdiler. Çeşmelerimiz şonda ýaşyl döwlet belgili ulaglaryň şu wagta çenli ýol polisiýasynyň "aýratyn eglişiginden" peýdalanyp gelendiklerini belläpdiler. Читать дальше...

Luwrda bir adam Mona Lizanyň gorag aýnasyna tort çyrşady

Azathabar.com 

Bazar güni bir adam Parižde maýyp arabasynda we gartaşan aýalyň eşiginde Luwra gelip, Leonardo da Winçiniň “Mona Liza” ady bilen dünýä belli bolan suratynyň gorag aýnasyna tort çyrşady. Şaýatlaryň sözlerine görä, ol adam birden böküp turup, ok geçirmeýän aýnany döwmäge synanyşdy. Soň ol aýnanyň ýüzüne tort çyrşady, gül baldaklaryny we ýapraklaryny sepdi, gygyryp, hudožnikleriň ýok bolmak howpy abanýan dünýäniň gelejegi barda oýlanmalygyny aýtdy. Ol şobada howpsuzlyk işgärleri tarapyndan tussag edildi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова проиграла Фернандес во втором круге турнира WTA в Мадриде






Дары фортуны: жительница Подмосковья дважды выиграла в «Национальной Лотерее» по миллиону рублей

Гинеколог объяснила, как будут оценивать репродуктивное здоровье россиян

Путешествуем с детьми

На коллегии МинЖКХ МО обсудили законодательное регулирование в сфере ЖКХ