Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2022

Новости за 30.05.2022

Maýda azyndan üç türkmen ýigidi daşary ýurtlarda heläk boldy

Azathabar.com 

30-njy maý güni irden Türkmenistanyň bir raýaty Galmygystanda bolan ýol-köçe hadysasynda heläk boldy diýip, “Turkmen.news” neşiri ýerli metbugata salgylanyp habar berýär. Habarda ýene üç adamyň ýaralanandygy, olaryň ikisiniň huşsuzdygy aýdylýar. Olaryň ählisi galmygystanyň döwlet uniwersitetinde okaýan eken. Neşir bir aýyň içinde türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlarda azyndan üçüsiniň pajygaly ýagdaýda aradan çykandygyny habar berýär. 5-nji maýda Leningrad sebitiniň Tihwin şäher häkimliginiň... Читать дальше...

COVID-19: Türkmenistan çäklendirmeleri ýatyrýar

Azathabar.com 

Öz çäginde koronawirusyň bardygyny ykrar etmedik ýeke-täk ada bolmadyk döwleti Türkmenistan COVID-19-yň ýaýramagy sebäpli girizen çäklendirmelerini kem-kemden aýyrýar we bu sapar daşary ýurtdan gelýänler üçin üç hepdelik karantini ýatyrýar. Şol bir wagtyň özünde-de adaty halkara howa gatnawy henizem dikeldilmedi. Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary komissiýasy daşary ýurtdan gaýdyp gelenler üçin hökmany karantin talaplaryny ýatyrýar diýip, garaşsyz neşir “Turkmen.news”... Читать дальше...

Erkinlik Uçguny

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosy öňdebaryjy türkmen aktiwistleriniň biri Dürsoltan Taganowa, onuň adam hukuklaryny ilerletmek boýunça alyp barýan işleri, türkmen häkimiýetleriniň oňa edýän basyşlary barada ýörite dokumental film taýýarlady. Film golaýda Azatlyk Radiosynyň websaýtynda we sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda elýeterli bolar. Dokumental filme tomaşa etmäge, ony öz tanyşlaryňyzyň arasynda paýlaşmaga çagyrýarys!

Häkimiýetler garaşsyz habar yzarlamazlyk şerti bilen ýerli ilata öý internetini hödürleýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri ýurduň gündogar welaýatynda ilatdan Azatlyk Radiosynyň websaýtyna girmezlik, döwlet syýasatyna garşy wagyzlary diňlemezlik ýaly talaplar bilen täze internet mümkinçiliklerini hödürleýär. “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasy Lebap welaýatynyň çäginde ozal internet toruna birikdirilmedik 10 müňden gowrak täze hojalyga öý internetini wada berýär. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň aragatnaşyk ulgamyndaky çeşmelerinden alan maglumatlaryna görä, sebitiň çäginde 10... Читать дальше...

Gyrgyzystanyň şeker eksportyny wagtlaýyn gadagan etmegi mümkin

Azathabar.com 

Ýetmezçilik we bu önümiň bahasynyň düýpli ýokarlanmagy sebäpli, Gyrgyzystan şeker eksportyny wagtlaýyn çäklendirmek meselesine sereder. Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Bakyt Torobaýew bu barada bir gün öň, “Kaindy Kant” şeker zawodyna baranda gürrüň etdi. Çig mal bilen baglanyşykly maddy-tehniki meseleler sebäpli, Torobaýewe önümçiligiň birnäçe günlük togtadylandygy aýdyldy. Emma respublikada çig şeker çiňriginiň getirilmegi eýýäm başlandy. Häzirki wagtda zawod gaýtadan işe girizildi... Читать дальше...

Aýallar Kabulda “Talybanyň” hukuk çäklendirmelerine garşy protest bildirdi

Azathabar.com 

“Çörek, iş, erkinlik” diýip gygyrýan onlarça aýal 29-njy maýda Owganystanyň paýtagty Kabulyň köçelerine çykyp, “Talybanyň” öz hukuklaryna girizen berk çäklendirmelerine garşy çykyş etdi. "Talyban" 2021-nji ýylyň awgust aýynda häkimiýete gaýdyp geleli bäri aýallara berlen hukuklary yzyna aldy. Netijede, Owganystanyň köp böleginde gyzlar altynjy synpdan soň mekdebe gatnamakdan mahrum edildi. Mart aýynda "Talyban" gyzlaryň orta mekdepleriniň gaýtadan açyljak gününde, ir bilen mekdepleriň uly klaslarda okaýan gyzlar üçin ýapylmagyny buýurdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублёв победил Давидович-Фокину в 3-м круге «Мастерса» в Мадриде, отыгравшись с 0:5 на тай-брейке






5 собачьих пород, что лучше всего подходят на роль телохранителя

Глава МВФ заявила о четырехкратном росте числа торговых ограничений в мире

Василий Анохин – об основных итогах рабочей недели

Водитель-мигрант ударил подростка по лицу в Подмосковье. Пассажиры спасли от дальнейшей расправы