Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2022

Новости за 12.05.2022

IPPF: Türkmenistan aýallaryň bedenlerine gözegçiligi güýçlendirýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň aýal-gyzlara gözegçiligi we köp sanly gadaganlygy adam hukuklary boýuça halkara guramalarynyň ünsüni özüne çekdi. Maşgalany planlaşdyrmak boýunça halkara federasiýasy (IPPF), soňky bir aýyň dowamynda türkmen hökümetiniň girizen gadaganlyklary barada çap eden synynda ýurtda abortyň tas doly gadagan edilendigini aýdyp, halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklaryna edilýän gödek hüjümlere garşy çäre görmäge çagyrýar.

Maryda güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirilýär

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň Mary şäheriniň köçelerinde we döwlet edara-kärhanalarynda güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu işlere jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri köpçülikleýin gatnaşdyrylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Türkmenistanda Internet ‘tas doly diýen ýaly öçürildi’

Azathabar.com 

Türkmenistanda Internet aragatnaşygynyň tizliginiň düýpli haýallamagy dowam edýär. Ýurtda hatda adaty messenjerlerden hem peýdalanyp bolmaýar. Sebitleriň aragatnaşyk wekilleri Internetiň Aşgabatdan ýörite peseldilýändigini aýdýarlar.

Gürjüstanyň tussaglykda oturan öňki prezidenti türmeden hassahana geçirildi

Azathabar.com 

Gürjüstanyň tussaglykda oturan öňki prezidenti Mihail Sakaşwili bejergi üçin türmeden çykarylyp, Tbilisidäki hususy lukmançylyk edarasyna geçirildi. Gürjüstanyň resmileri 12-nji maýda Sakaşwiliniň, birnäçe güne çeken gepleşiklerden soň, Gürjüstanyň paýtagtyndaky Wiwamed klinikasyna geçirilendigini aýtdylar. Sakaşwiliniň lukmanlary öňki prezidentiň güýçli trawmatiki stresden we anoreksiýadan ejir çekýändigini, bu ýagdaýyň onuň tussaglykda iki gezek yglan eden açlygyndan soň ýüze çykan bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdylar. Читать дальше...

Özbek halas edijileri sil alan iki adamyň jesedini tapdylar

Azathabar.com 

Özbegistanly halas edijiler ikinji gün Surhandaryýa welaýatynyň Saryasi etrabynda sil läbiginiň aşagynda galan iki adamyň jesedini tapdylar diýip, Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat gullugy 11-nji maýda habar berdi. Ministrligiň habaryna görä, agşam sagat 4 töweregi “Zohona” obasynda iki sany adam ulagly gysga wagt ýagan güýçli ýagyşdan soň dörän suw joşmasy netijesinde gelen siliň aşagyna düşdi. Sil suwy goýun bakyp ýören çopanyň hem üstünden geldi, ýöne çopan gaçyp gutulmagy başardy diýip, habarda aýdylýar. Читать дальше...

Aşgabatda MA döwletleriniň we RF-nyň Parlamentara forumy geçirilýär

Azathabar.com 

Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi diýip, TDH habar berýär. Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, parlamentara derejede göni gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Кто отец Дианы Джокович?






Русским шлют недобрый сигнал из Таджикистана. Военную базу России могут закрыть?

В Большом театре наградили победителей специальной премии «Золотой Маски»

Герои России, меры поддержки многодетных семей и показ «Карины» в стране: топ-10 новостей недели

Суд: Брата фигуранта дела о теракте в «Крокусе» арестовывали за хулиганство