Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Новости за 09.06.2022

Maryda raýatlara ýurtdan çykmaga kömek etmegi wada berip, olaryň pullaryny ogurlaýan "kezzaplar köpelýär"

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, güzeran eklenji göz-görtele agyrlaşan adamlaryň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanýan raýatlar köpelýär. Mary welaýatynda adamlara daşary ýurtlara alyp gitmegi wada berip, olary aldawa salýan bu raýatlar olaryň pullaryny alyp, soňra ýitirim bolýarlar. Bu barada aldawa salnan maryly ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Maryda tüwiniň gymmatlamagy palawyň hiline täsir ýetirdi

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň bazarlarynda tüwiniň bahasy ortaça 40% gymmatlady. Şu günler ýerli tüwiniň bir kilogramy 30 manada, daşary ýurtlardan import edilen tüwüniň bir kilogramy 50 manada çenli ýokarlandy. Bu gymmatlama hojalyklarda we üýşmeleňlerde türkmen saçagynyň esasy nahary hasaplanýan palawyň hiline täsir ýetirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.

Aşgabatda suw üpjünçiligi meselesi agyrlaşdy

Azathabar.com 

Aşgabatda ilat üçin suwuň elýeterliligi meselesi hasam ýitileşdi. Ýaşaýyş jaýlarynda gijelerine suw üpjünçiligi kesilýär, gündizine berilýän suwuň basyşynyň derejesi gaty pes bolýar. Azatlygyň habarçylary bu barada 8-nji we 9-njy iýunda habar berdi. Habarçynyň sözlerine görä, Aşgabadyň merkezindäki ýaşaýyş jaýlarda suw üpjünçiligindäki köpçülikleýin bökdençlik 8-nji iýunda gije başlandy. Gijelerine asla suw ýokdy, gündizine basyş adaty güýjüň 20 göterimine deňdi, akýan suwuň güýji ujypsyzdy. Günüň dowamynda... Читать дальше...

Eýran uranyň baýlaşdyrylmagyna gözegçilik edýän kameralary öçürdi

Azathabar.com 

Eýran BMG-niň barlagçylarynyň uranyň baýlaşdyrylmak prosessini gözegçilik etmek üçin ulanan kameralaryny öçürdi. Bu Atom energiýasy boýunça halkara atom agentliginiň (AEHA) yslam respublikasyny ýeterlik hyzmatdaşlyk etmezlikde tankytlap kabul eden rezolýusiýasyndan birnäçe sagat öň amal edildi. 8-nji iýunda Atom agentliginiň dolandyryjylarynyň Wenada geçiren duşuşygynyň dowamynda kabul edilen rezolýusiýada, Eýranyň ozal hasaba alynmadyk üç sebitde uranyň yzlarynyň peýda bolmagy bilen baglylykda düşündiriş bermeýändigi tankytlanaýar. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Мария Шарапова

Первая ракетка России рассказала об общении с Шараповой






Промышленный «Экспортный форсаж» стартовал в Подмосковье

Силуанов: Минфин обсудит с бизнесом донастройку налоговой системы

Форум «Города трудовой доблести» начался на выставке «Россия»

Экс-замминистра культуры Ярилову отправили в колонию на 7 лет: детали дела