ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Новости за 13.06.2022

Daşary ýurtlardan gelen türkmen talyplary karantinden soň, dessine harby gulluga iberilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda raýatlary harby gulluga çagyrmagyň ýazky möwsümi dowam edýän mahaly, daşary ýurtlarda ýokary bilimini tamamlap gelen türkmenistanlylar karantin möhletini doldurandan soň, dessine harby gulluga alnyp gidilýär. Şuňa meňzeş tejribe ýurduň orta mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda hem gaýtalanýar. ​Bular barada ene-atalaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysyna gürrüň berdi. "3-4-nji iýunda Minskden gelen raýatlar, şol sanda instituty tamamlap gelen ýaşlar Türkmenabatda 7 gün karantine alyndy. Читать дальше...

Polisiýa pyýadalara jerime salýar

Azathabar.com 

10-njy iýun güni Mary welaýatynyň administratiw merkezinde polisiýa işgärleri köçe ýol hereketiniň düzgünlerini bozmakda, geçmesiz ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden kesip geçmekde aýyplanýan pyýadalara jerime ýazmak işlerini ýygjamlaşdyrdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Mary: G.Berdimuhamedowyň garaşylan sapary amala aşmady

Azathabar.com 

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mara etmegine garaşylan sapary bilen baglylykda, 9-njy iýunda Mary we Baýramaly şäherlerinde irdenden agşama çenli, 24 sagatlap arassaçylyk işleri geçirildi.

Türkmen prezidenti Eýrana sapar eder

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-nji iýunda Eýrana iki günlük resmi sapary amala aşyrar. Bu barada ýarym resmi hökümetçi türkmen neşiri Russiýanyň TASS gullugyna salgylanyp habar berýär. Maglumata görä, sapar Eýranyň prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň çakylygy esasynda amala aşyrylýar. Saparyň jemleri boýunça ençeme dokumente gol goýulmagyna garaşylýar. Bu Serdar Berdimuhamedowyň prezident hökmünde Eýrana amala aşyrýan ilkinji sapary bolar.

Türkmenistanda suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet topary döredilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet topary dörediler. Bu ýurtda hem ekerançylyk, hem-de agyz suwy üpjünçiligindäki nogsanlyklaryň artýandygy baradaky maglumatlara gabat gelýär. 11-nji iýunda geçirilen Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu toparyň “suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak, suw gorlaryny artdyrmak, Amyderýa we Garagum derýalary boýunça seljermeleri geçirmek, suw akymlaryny gowulandyrmak, suw süýjediji desgalary gurmagyň hasabyna ilaty arassa... Читать дальше...

Täjik resmileri Gorno-Badahşanda iki “jenaýat ketdesiniň” öldürilendigini aýdýarlar

Azathabar.com 

Täjik resmileri ýurduň Gorno-Badahşan awtonom sebitinde iki “jenaýat ketdesiniň” öldürilendigini habar berdiler. Bu Merkezi Aziýa döwletiniň gowgaly sebitinde geçirilen hökümete garşy protestlerden soň ýüze çykan tussag etmeleriň we öldürmeleriň ýene biri boldy. 12-nji iýunda täjik kanungoraýjy gulluklarynyň beren maglumatyna görä, Zoir Rajabow we Hursand Mazorow “häkimiýetleriň tabyn bolmak talaplaryny ret edenden soň”, olar “ýörite operasiýanyň” dowamynda “ýok edilipdir”. Resmiler operasiýanyň... Читать дальше...

Dünýä güýçleriniň öz ýadro arsenallaryny döwrebaplaşdyrmagy mümkin - SIPRI

Azathabar.com 

Dünýäde ýadro ýaragyna eýe dokuz döwletiň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň we Russiýanyň öňümizdäki onýyllygyň dowamynda özleriniň ýadro ýarag arsenalyny artdyryp we döwrebaplaşdyryp başlamagy mümkin diýip, täsirli ylmy-barlag merkeziniň soňky hasabatynda bellenilýär. Halkara Parahatçylyk boýunça Stokgolmyň Ylmy-barlag merkezi (SIPRI) 13-nji iýunda çap eden ýyllyk hasabatynda munuň “alada dörediji tendesiýadygyny” hem belledi. “Ýadro ýaragyna eýe dünýäniň dokuz döwleti, ýagny Birleşen Ştatlar, Russiýa... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Что чаще всего едят на завтрак дети Елены и Новака Джокович?






Здоровье в приоритете: открытие клиники 'Нейроспас' для лечения неврологических заболеваний

Бастрыкин запросил доклад по делу о нападении на журналистов в Москве

Приметы на 19 апреля 2024 года: что категорически запрещается делать в этот день

Дело возбуждено после нападения на съемочную группу "Известий" в Москве