Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Новости за 29.06.2022

Garaşsyz neşir: Sarymtyl reňkdäki towuk eti satuwa çykaryldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda möhleti geçen ýaly bolup görünýän doňdurylan towuk eti peýda boldy. Bu barada garaşsyz neşir turkmen.news habar berýär. Şol bir wagtda, Azatlygyň Aşgabatdaky we Mary welaýatyndaky habarçylary towuk budunyň satuwa çykarylandygy barada häzirlikçe özlerinde maglumatyň ýokdugyny aýdýarlar. Neşir 29-njy iýunda çap eden habarynda, öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, satuwa çykarylan towuk etiniň reňkiniň adaty bolmadyk görnüşde sarydygyny belleýär. "Birnäçe hepde... Читать дальше...

Tokaýew Türkmenistanyň öňki prezidentine orden, Putin iki gylyç, küşt we atly adamyň heýkelini gowşurdy

Azathabar.com 

“Datification.org” neşiriniň we Inform.kz neşiriniň ýazmagyna görä, Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Aşgabatda iş sapary wagtynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, prezidenti saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen gutlady, öňki kärdeşini bolsa doglan güni bilen gutlady. Gazak prezidenti G.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň sosial-ykdysady ugurda düýpli üstünliklere eýe bolandygyny aýtdy. Şeýle-de... Читать дальше...

Türkmenistanlylar ýurda dolanmak üçin $3000-e çenli 'para bermeli bolýar'

Azathabar.com 

"Türkmenistan" awiakompaniýasy halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilip başlanýandygyny yglan edensoň, şu aýyň başynda Türkmenistan Dubaý we Kazan ugurlary boýunça dowamly uçarlary ýola goýdy. Ýöne türkmen raýatlarynyň ençemesi bu uçar gatnawlary boýunça Türkmenistana dolanmak üçin bir müňden üç müň amerikan dollaryna çenli para bermeli bolýandyklaryny aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosyna gürrüň beren türkmenistanlylar para bermedik raýatlaryň uçar biletlerini satyn alyp bilmeýändigini, şeýlelikde... Читать дальше...

Jokrama yssyda Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mejbury belledilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň öňki awtoritar prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýundaky doglan gününe gabat, ýurduň dürli künjeklerinde mejbury aýdym-saz we medeni çäreleri geçirilýär. Mundan başga-da häkimiýetler, ýurduň agyr ykdysady çökgünlik bilen ýüzbe-ýüz bolup duran mahaly, ozalky ýyllaryň tejribelerine eýerip, daşary ýurtly bagşy-sazandalaryň konsertlerini hem gurnaýar. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda, 15 ýyllyk häkimiýeti döwründe adam hukuklaryny berk depelemekde tankytlanan... Читать дальше...

Terrorda aýyplanýan rus blogçysy Gürjüstana baryp, Tbilisiden Litwa uçdy

Azathabar.com 

Russiýada terrorçylykda aýyplanýan demirgazyk kawkazly blogçy, derňew habarlaryny ýazmagynyň öňüni almak synanyşygynyň arasynda, Russiýa-Gürjüstan serhedindäki bitarap zonada iki hepdeden gowrak saklanandan soň, özüne Gürjüstana girmäge rugsat berlendigini aýdýar. Insa Oguz ady bilen tanalýan Insa Lander 29-njy iýunda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna häkimiýetler ýurda girmegine rugsat bereninden soň, 27-nji iýunda Gürjüstana girendigini we derrew Litwa uçandygyny aýtdy. 12-nji iýunda dogduk mekany Kabardino-Balkariýa sebitinden gaçan Lander... Читать дальше...

Atambaýew 2020-nji ýyldaky bidüzgünçilikler meselesinde aklandy

Azathabar.com 

Bişkekdäki kazyýet Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaewi 2020-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletini gaplap alan köpçülikleýin protestler bilen baglanyşykly jenaýat işinde bildirilýän günälerinden aklady. Birinji Maý etrap kazyýeti 28-nji iýunda Atambaýewi we onuň alty iş şärigini köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamakda we olara gatnaşmakda, bikanun ýarag saklamakda we hukuk goraýjy edaralara haýbat atmakda bigünä hasaplaýandygyny aýtdy. Prokurorlar şol gün irden kazyýetden Atambaýewi... Читать дальше...

Lisiçanskdaky ýagdaý 'örän agyr’, Zelenski Russiýany raýatlary bilkastdan nyşana almakda aýyplaýar

Azathabar.com 

Rus güýçleriniň Lisiçanska gaýgyrman top atmagy bilen, sebit resmileri ýurduň gündogaryndaky goranyş ýagdaýlarynyň örän kyndygyny aýdýarlar, prezident Wolodymyr Zelenski Russiýany Keremençukdaky asuda ilaty bilkastdan nyşana almakda aýyplady. Mähelleli söwda merkezine urlan raketa zarbasynda azyndan 18 adam öldi, onlarça adam bolsa şindi hem tapylmaýar. "Rus raketasy bu ýeri takyk urdy. Bil-kast-dan... Rus ganhorlarynyň bu ýeriň takyk koordinatlaryny alandygy açyk" diýip, Zelenski adaty agşamky wideo ýüzlenmesinde aýtdy. Читать дальше...

Aşgabatda VI Hazar sammiti geçirilýär

Azathabar.com 

29-njy iýunda Aşgabatda Altynjy Hazar sammiti öz işine başlaýar. Bu sammite bäş hazarýaka döwletiniň, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Azeri habar serişdeleri prezident Ylham Alyýewiň, rus habar serişdeleri bolsa prezident Wladimir Putiniň eýýäm Aşgabada barandygyny habar berdiler. Bir gün öň, 28-nji iýunda türkmen DIM-nde hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisde 29-njy... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анастасия Потапова

Потапова всухую обыграла Шнайдер в 1-м круге турнира в Мадриде






Мостовой рассказал, что думает о матче ЦСКА - «Спартак»

День Земли - каждый день

В студии Postimees Мария Юферева-Скуратовски: многие православные храмы в Эстонии ждет правовой вакуум?

"Ты одинока — и я": Ветеран УГРО объяснил россиянкам, как опознать маньяка на сайте знакомств