Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Новости за 02.06.2022

Türkmenistanda maska düzgüni resmi taýdan gowşadyldy, emma ony dakynmak talaby saklanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda, tomsuň başyndan maska dakynmak talabynyň bölekleýin ýatyrylmagyna garaşylypdy. Resmi taýdan yglan edilen düzgünlere görä, 1-nji iýundan başlap ilat diňe jemgyýetçilik ulaglarynda we edaralarda maska ​dakynmaly bolar diýlipdi. Emma ilat köçelerde maska ​dakynmaga mejbur bolýar, sebäbi polisiýa jerime salmagyny dowam etdirýär. Aşgabatda ýaşaýjylar köpçülik ýerlerinde maska dakynmagyny dowam etdirýärler. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, 2-nji iýunda paýtagtyň ähli... Читать дальше...

Türkmen gazaklaryny göçürmek aýyň aýagyna çenli yza süýşürildi

Azathabar.com 

2-nji iýunda Türkmenistanda ýaşaýan etniki gazaklaryň 490 sanysynyň Gazagystana göçürilmegine garaşylýardy, emma olar taryhy watanlaryna dolanyp gelmediler. Gazagystanyň Daşary işler ministrligi üçünji gün öýlän Azatlygyň Gazak gullugyna adamlary göçürip getirmegiň iýun aýynyň aýagyna çenli yza süýşürilendigini aýtdy. “Gazagystan bilen Türkmenistan etniki gazaklaryň göçürilip getirilmegini, ugurlaryň we beýleki guramaçylyk meseleleriniň goşmaça we jikme-jik ylalaşylmagy babatyndaky zerurlyk sebäpli... Читать дальше...

Türkmen-özbek serhedindäki ýol çäklendirmeleri azaldylýar

Azathabar.com 

Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhedindäki halkara gözegçilik nokatlary "Alat" we "Farap" 1-nji iýundan başlap kadaly iş düzgünlerine geçýär, daşary ýurtlaryň ulaglarynyň gatnawlaryna girizilen çäklendirmeleriň bir topary ýatyryldy diýip, Özbegistanyň Döwlet gümrük komitetiniň metbugat gullugy habar berdi. Habarda bellenilmegine görä, çäklendirmeleri azaltmak baradaky ylalaşyk özbek wekilýetiniň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Otobek Ibragimowyň ýolbaşçylygynda Aşgabada eden iş sapary wagtynda gazanyldy. Читать дальше...

Darganatanyň käbir daýhan birleşiklerinde gowaça ekişi 15 % ýerine ýetirildi – Habarçy

Azathabar.com 

Türkmenistanda nobatdaky gowaça ekiş möwsümi dowam edýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň birnäçe daýhan birleşiginde ekişiň, çak bilen, diňe 15 göteriminiň ýerine ýetirilendigini habar berýär. “Gowaça meýdanlarynyň 85 göterimi heniz boş dur” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Darganata etrabynyň Halkabat we Gyzylrabat daýhan birleşiklerinde dowam edýän ekiş möwsümi barada habar berýär. Türkmenistanda nobatdaky gowaça ekiş möwsümine 23-nji martda resmi taýdan badalga berildi. Читать дальше...

Öňki prezidentiň Lebaba gelmegine garaşylýar

Azathabar.com 

Öňümizdäki günleriň dowamynda Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezine sapar etmegine garaşylýar. Munuň bilen baglylykda, Türkmenabatda ozalky prezidentiň geçjek ýollarynyň ugurlarynda, sol sanda döwlet işgärleriniň hem çekilmegi bilen, mejbury arassaçylyk işleri, ýowarlar geçirilýär. “Türkmenabadyň aeroportundan uzaýan ‘Arkadag’ köçesiniň ugry tas her gün diýen ýaly arassalanýar, ýuwulýar. Ýerli resmiler... Читать дальше...

“Soros-Gyrgyzystan” gaznasynyň müdiri Milli howpsuzlyk komitetinde sorag edildi

Azathabar.com 

“Soros -Gyrgyzystan” gaznasynyň müdiri Şamil Ibragimow Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna 2-nji iýunda Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetinde bolandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu ýörite gulluklaryň sülçüsi bilen geçirilen "maglumat duşuşygy" boldy. “Bu biziň guramamyzyň ýerleşýän binasy barada maglumat almak boýunça guralan duşuşyk boldy. Olar goşmaça maglumat almak islediler. Men hemme zady aýtdym. Mesele şunuň bilen tamamlanar diýip pikir edýärin. Binanyň nähili ýol bilen alnandygyny soradylar. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Ига Свёнтек

Свёнтек: я чувствую, что с каждым годом получаю всё большую поддержку






Специалисты ОПК и учёные в Подмосковье смогут получить льготную ипотеку

Алексей Вербов: Самое важное сейчас - не надо ехать в Москву за Кубком

Под рев моторов. По Москве проедут колонны байкеров

Арбитр Федотов оценил решение Казарцева не удалять Мойзеса в матче ЦСКА — «Спартак»