ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Новости за 21.06.2022

Balkanda zenan sürüjilere gözegçilik güýçlendi

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) zenan sürüjilere gözegçiligi güýçlendirdi. Polisiýa işgärleri ulag sürüp barýan zenanlary saklap, dürli bahalar esasynda, olaryň sürüjilik şahadatnamalaryny alýarlar we ulaglaryny polisiýanyň duralgasyna alyp gidýärler. Şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolan balkanly ençeme zenanyň anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň bermegine görä, indi bir hepde bäri ýol polisiýasy aýal sürüjilere garşy reýd geçirýär. "PÝGG-niň... Читать дальше...

Türkmen deputaty aýallar üçin kosmetiki gadaganlygy 'sanitariýa' sebäbi bilen düşündirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daş keşbine we özlerini alyp baryşyna berk gözegilige duçar bolmagyna iki aýdan köp wagt geçdi. Emma häkimiýetleriň zenanlara garşy girizen gadagançylygynyň sebäpleri henizem nämälim galýar. Kimdir muny prezidentiň aşa konserwatiw garaýyşlary bilen düşündirse, beýlekiler muňa häkimiýetleriň ilata görkezýän nobatdaky eden-etdiligi hökmünde garady. Bu aralykda ýene bir düşündiriş türkmen deputaty tarapyndan tötänden peýda boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Serdar Arazowyň sözlerine görä... Читать дальше...

Günbatar Türkmenistanda bolan ýer sarsgyny ilat arasynda howsala döretdi

Azathabar.com 

20-nji iýunda irden sagat 8-9 töwereklerinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýer titredi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär. Birleşen Ştatlaryň Geologiýa barlag merkezi 20-nji iýunda Türkmenistanyň günbatar sebitinde 4,6 bal derejesinde ýer titremäniň hasaba alnandygyny habar berdi. Maglumata görä, ýer titremäniň merkezi we ojagy Balkanyň Bereket sebitiniň 74 kilometr günortasynda, 12.1 kilometr çuňlukda ýerleşýär. Türkmenistanyň hökümetiniň Adatdan daşary... Читать дальше...

Eýranda iş, ýaşaýyş şertleriniň ýaramazlaşmagyna garşy protestler dowam etdirilýär

Azathabar.com 

Eýranyň Isfahan welaýatyndaky senagat taýdan ösen Mahmoudabad şäherinde işçiler tapgyr üçünji gün protest geçirýärler. Bu aralykda, tutuş ýurt boýunça ýaşaýyş we iş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda geçirilýän ýörişleriň gerimi gowşamaýar. 20-nji iýunda paýtagt Tähranda ýük ulag sürüjileri protest ýörişini geçirip, Ýol gözegçilik edarasynyň öňünde toplandylar. Günüň dowamynda protest sebitinde köp sanly kanungoraýjy gulluklaryň işgärleri ýerleşdirildi. Isfahanda bolsa daş zawodunyň 300 müň töweregi işçisi... Читать дальше...

Özbegistanda kazyýet toýda gelnini uran ýigidi jogapkärçilige çekmedi

Azathabar.com 

Surhanderýada bolan toýda gelnini uran ýigit jogapkärçilikden gutulýar. Kazyýet gyz tarapyndan ýigidi jogapkärçilige çekmek talabynyň we arzasynyň ýoklugy sebäpli, oňa garşy administratiw çäre ulanmady. Bu barada ýerli habar serişdeleri ýazýarlar. Surhanderýa welaýatynyň Uzun etrabyndan bolan ýigit toýda gelnini urandan soň, ötünç sorady we beýle zadyň gaýdyp gaýtalanmajakdygyna wada berdi. Giýewisiniň ötünç sorandygyny gyzyň ejesi Mening Yurtim teleýaýlymynda berlen sýužetinde tassyklady. “Özümi saklap bilmedim, meniň elim göterildi. Читать дальше...

Owganystanda artýan hüjümleriň arasynda bazardaky partlamada azyndan iki adam öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatyndaky bir bazarda amala aşyrylan bomba hüjüminde azyndan iki adam öldi, başga-da 28-si ýaralandy. “Talybanyň” Nangarhardaky Maglumat we medeniýet edarasynyň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatyna görä, 20-nji iýundaky partlamada ýaralananlaryň arasynda “Talybanyň” bäş agzasy hem bar. “Talyban” partlamanyň sebäbini we onuň mümkin nyşanasy barada hiç zat aýtmady. Emma ýerli media bazarda içi partladyjyly ulagyň ýarylandygyny, şeýle-de... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA отреагировала на суперкамбэк Елены Рыбакиной






Синоптик Ильин опровергнул информацию о девятибалльном шторме в Тульской области 19 апреля

Трех соучастников подозреваемого в убийстве байкера в Люблине объявили в розыск

Профессор Орехово-Зуевского вуза провел мастер-классы для тренеров по хоккею

Московский зоопарк закрыли из-за погодных условий