Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2022

Türkmenistandan Orenburg sebitine getirilen pomidorlarda 'zyýanly möjek' tapyldy

0

Türkmenistandan Orsýete getirilen täze pomidorlaryň köpüsinde howply karantin obýekti, kartoşka kebelegi tapyldy diýip, rus mediasy habar berýär.

Orenburg sebitiniň “Rosselkhoznadzor” edarasy 27-nji aprelde Sol-Iletsk şäherindäki “Service-Product” çäklendirilen jogapkärçilikli jemgyýetiniň wagtlaýyn ammarynda Türkmenistanyň Ahal sebtinden getirilen täze pomidorlaryň (18 tonna) karantin fitosanitar gözegçiligini amala aşyrdy.

Bu önümler Türkmenistanda berlen fitosanitar şahadatnamalary bilen getirilipdir diýip, habarda aýdylýar.

Gözegçilik wagtynda täze pomidorlaryň köpüsinde howply karantin obýekti, kartoşka möjegi diýilýän (Phthorimaea operculella (Zeller)) tapyldy.

Habarda  bellenmegine görä, tapylan zyýanly möjekler “Rosselhoznadzoryň” Orenburg referent merkeziniň hünärmenleri tarapyndan geçirilen laboratoriýa barlagynda hem tassyklanyldy.

Karantin kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda, bu önümleri getirmek gadagan edildi, günäkär adamlar ýerli kanun esasynda administratiw jogapkärçilige çekildi.

Türkmenistandan Russiýa getirilen gök önümlerde tapylan zyýanly mör-möjekler barada ozalam habar berlipdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Казахстан узнал еще одну печальную новость после сюрприза Рыбакиной






Самарские «Крылья Советов» проиграли «Ахмату»

Бастрыкин поручил наградить спасавших людей из упавшего в Мойку автобуса очевидцев

МИД РФ выдал агреман новому послу Финляндии в России

Ночью в Тульской области заметили полярное сияние