Alyýew Moskwanyň Ýerewana Gazagystanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň üstünden ýarag iberendigini aýdýar
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu maglumaty Türkiýäniň “Anadolu” habar gullugyna salgylanyp çap etdi.
Alyýewiň sözlerine görä, Ermenistan Russiýany Kollektiw goranyş şertnamasy guramasy arkaly urşa çekmäge çalyşdy, emma bu başa barmady, ýöne Russiýa Ermenistana Mozdokdan we Rostowdan yzygiderli ýarag iberdi diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de, Azerbaýjanyň Gürjüstana Russiýanyň ýarag iberýän howa we gury ýer ýollaryny baglamak haýyşy bilen ýüz tutandygy, Tbilisiniň Bakuwyň haýyşyny kanagatlandyrandygy aýdylýar. Emma Bakuwyň bu meselede, rus ýaraglary üçin howa ýollaryny ýapmak barada Gazagystandan, Eýrandan we Türkmenistandan eden haýyşlary jogapsyz galýar we, Alyýewiň anyklaşdyrmazdan tassyklamagyna görä, bu ýurtlaryň üstünden iberilýän harby ýükler dowam etdirilýär.
Habarda Azerbaýjanyň 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Siriýadan gaýdyp gelýän rus harby uçarynyň öz howa çäginden geçmegine rugsat bermändigi, netijede ol uçaryň bitarap Türkmenistanyň üstünden geçendigi aýdylýar.
“Türkmenistanyň Hronikasy” Türkmenistanyň bitaraplyk durumynyň bardygyny we munuň Aşgabadyň beýleki döwletleriň harby hereketlerine goşulmazlyk ýörelgesini aňladýandygyny belleýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu habar bilen baglylykda häzire çenli hiç bir beýanat çap etmedi.
