Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2022

Türkmen prezidenti häkimleriň täze metjit gurmak tekliplerini tassyklady

0
Türkmen prezidenti häkimleriň täze metjit gurmak tekliplerini tassyklady

Prezident Serdar Berdimuhamedow ikinji gün sebit ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda täze metjitleriň gurulmagy baradaky teklibi tassyklady.

Döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasynyň maglumatyna görä, bu teklip ýerli ýaşaýjylaryň isleglerine esaslanyp edildi.

Sebit ýolbaşçylarynyň sözlerine görä, Hazar şäherinde (Balkan), Änew şäherinde (Ahal), Ruhubelent etrabynda (Daşoguz), Döwletli etrabynda (Lebap) we Şatlyk şäherinde (Mary), ýanyndaky sadaka jaýy bilen bilelikde, täze metjitleri gurmak meýilleşdirilýär.

Habarda guruljak metjitleriň mümkin bolan bahasy, maliýeleşdirmek meselesi barada hiç zat aýdylmaýar.

TDH prezidentiň “metjit we onuň ýanynda sadaka jaýyny gurmak baradaky teklibi makullandygyny” habar berýär.

2009-2020-nji ýyllarda Mary, Daşoguz, Lebap we Balkan sebitlerinde, şeýle-de Aşgabadyň Parahat-7 etrabynda täze gurlan metjitler açyldy.

Mundan başga, Türkmenistan demirgazyk Owganystanda hem täze metjit gurup, bu ýurduň halkyna ynsanperwerlik kömegini berdi diýip, hökümetçi "Orient” neşiri habar berýär.

Iş maslahatynda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hem gürrüň edilipdir, ýöne metbugatda oba, etrap ýerlerinde onlarça ýyllap çuňlaşan infrastruktura meseleleri, hususan-da etrap, oba ýollarynyň agyr ýagdaýy hakynda hiç bir anyk maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda, halkara hukuk toparlary Türkmenistany ýurtda raýatlaryň din azatlygyny gödek we yzygiderli bozmakda ýylyň-ýylyna tankyt edýärler.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме






Псковичи участвуют в Первом Всероссийском свадебном фестивале

В Госдуме 20 мая начнётся публичное обсуждение налоговой реформы

Диетолог Соломатина рассказала о пользе и вреде вареных раков

Аллерголог НИКИ детства рассказала о причинах развития бронхиальной астмы у детей