Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2022

Şweýsariýanyň gazeti 2015-nji hem 2019-njy ýyllarda doglan "Putiniň ogullary" barada ýazýar

0
Şweýsariýanyň gazeti 2015-nji hem 2019-njy ýyllarda doglan

Şweýsariýanyň “SonntagsZeitung” gazetiniň ýekşenbe günki sanynda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 2015-nji we 2019-njy ýyllarda iki oglunyň doglandygyny, olaryň biriniň Şweýsariýada dünýä inendigini tassyklaýar.

Putine ýakyn durýan öňki Olimpiýa çempiony Alina Kabaýewadan, iki ogul çaga bolandygyny soňky döwürde Günbatar metbugatynyň köpüsiniň ýazandygyny hem bu neşir tassyklaýar. Şweýsariýanyň gazeti ol çagalar doglanda, olara gözegçilik eden wraçyň ýakyn dostunyň sözüne salgylanýar. Gazet olaryň haýyşy boýunça, wraçyň we onuň tanyşlarynyň adyny açmaýandygyny ýazýar.

Wraçyň tassyklamagyna görä, onuň asly Russiýadan bolup, Putin bilen ýaşlyk döwründe tanyş ekenler, ýöne soň Şweýsariýa göçüp gaýdypdyr. Çeşmäniň sözüne görä, 2015-nji ýylda ilkinji çaganyň dogulmaly ýeri hökmünde, Şweýsariýanyň Lugano şäheri saýlanyp alnypdyr. Sebäbi bu ýagdaýy gizlinlikde saklamagy maksat edinipdirler. Ýöne bu olara doly başartmandyr, Kabaýewanyň bir ogul dograndygy hakda, soň köpçülikleýin habar serişdeleri tarapyndan habar ýaýrapdy. (Käbir habarlara görä, ol ekiz çaga dogrupdyr, SontaggsZeitungyň tassyklamagyna görä, bu dogry däl.) Şonda ol çaganyň kakasynyň Putin bolup biljekdigi baradaky çaklamalar peýda boldy. Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow şol wagt muny ret etdi.

Dört ýyl geçensoň, Alina Kabaýewadan ýene bir çaga boldy, ýöne bu gezek ol Moskwada dogurdy. Çeşmäniň aýtmagyna görä, "prezidentiň karary" şeýle

bolupdyr. Tassyklanyşyna görä, Kabaýewa göwreliligiň iki döwründe hem Lugano şäherine birnäçe gezek gelip gidipdir, ýöne Putin onuň ýanynda bolmandyr. The Wall Street Journal neşiri hem ýakynda Kabaýewanyň Şweýsariýada "beýik diwarly we dikuçar üçin meýdançasy bolan köşkde" köp wagtyny geçirýändigini ýazdy.

Şweýsariýadaky neşir Kabaýewanyň ýa-da Putiniň wekillerinden, hiç hili teswir almady.

The Wall Street Journal neşiriniň ady nämälim saklanýan çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşi Kabaýewa garşy sanksiýalary girizmegi bes etdi. ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileriniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň reaksiýasyndan ätiýaç edýändiklerini we Russiýa bilen gatnaşyklaryň hasam agyrlaşmagyndan gorkýandygyny aýdylýar diýip, makalada bellenýär. Şeýle hem sport ýyldyzynyň Putiniň çagalarynyň ejesi bolup biljekdigi barada, metbugat makalasynda agzalýar.

Mundan öň Amerikanyň Birleşen Ştatlary we beýleki Günbatar ýurtlary Katerina Tihonowa hem Mariýa Worontsowa garşy sanksiýalar girizipdi, sanksiýalara girizilen sanawda, olar Russiýanyň prezidentiniň öňki aýrylyşan aýaly Lýudmila Putinanyň gyzlary diýlip, resmi taýdan atlandyrylýar. Kreml ahyrky netijede, munuň şeýledigini tassyklady hem Günbataryň rus syýasatçylarynyň maşgala agzalaryna çäklendirmeler girizenligini ýazgardy. Şol bir wagtyň özünde, Günbatar ýurtlary Putiniň "uly ýaşly çagalaryna" garşy sanksiýalar girizendiklerini habar berdiler, şoňa laýyklykda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň hem bardygy, olara garşy sanksiýalar girizilmedigi hakda netije çykarmak mümkin.

Kreml Putiniň çagalary barada hiç haçan netijeli düşündiriş bermän gelýär hem bu meseläni halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirmekden ýüz öwürýär. Şol bir wagtyň özünde, Putin agtyklarynyň bardygyny aýtdy (ýöne olaryň adyny ýa-da näçedigini mälim etmedi). Prezidentiň başga bir gyzy, 18 ýaşly Ýelizaweta Kriwonogihiň ejesi hasap edilýän Swetlana Kriwonogih hem sanksiýalar sanawyna goşulmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

В России назвали подвигом победу Рублева на "Мастерсе" из-за болезни






В память о героях Великой Отечественной войны Волонтёры Победы провели акцию "Лучи Победы"

Канчельскис сравнил Москву и Лондон: «Всё зависит от запросов»

"Поезд Победы" привлек внимание больше 2 тысяч нижегородцев

Нижегородские компании могут представить на конкурс «ТИМ-лидеры» проекты с применением технологий информационного моделирования