Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2022

Siriýanyň prezidenti Tährana garaşylmadyk sapara geldi

0
Siriýanyň prezidenti Tährana garaşylmadyk sapara geldi

Siriýanyň prezidenti Başar al-Asad 8-nji maýda garaşylmadyk sapara gelip, Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi we Eýranyň prezidenti Ybraýym Raisi bilen duşuşdy. Bu Asadyň Siridýada 11 ýyl ozal başlan raýat urşundan bäri Eýrana eden ikinji sapary boldy.

Yslam respublikasy, Russiýa bilen birlikde, Siriýanyň uruş döwründäki esasy ýaranlary boldy we olar Asadyň dolandyryşynyň saklanyp galmagyna goldaw berdi.

Eýranyň habar serişdeleri Asadyň Hameneýi bilen elleşip, Raisiniň ýanynda ýylgyryp düşen suratlaryny çap etdiler.

Eýranyň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, duşuşyk wagtynda taraplar iki ýurduň arasyndaky "berk gatnaşyklary" öwdüler we olary mundan aňryk hem berkitmek wadasyny berdiler.

Hameneýi bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň "möhümdigini we onuň gowşamagyna ýol bermeli däldigini”, hyzmatdaşlygy “mümkin boldugyça berkitmelidigini" nygtady.

Asad kuwwatly Tähran-Damask gatnaşyklarynyň "Ysraýylyň Ýakyn Gündogardaky täsirine garşy gorag diwary bolup durýandygyny” aýtdy we Eýranyň, öz sözleri bilen aýdylanda, Siriýanyň "terrorçylyga garşy göreşini" goldamagyna ýokary baha berdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Первая ракета мира Джокович получил бутылкой по голове после матча в Риме






Чем жили. За биржу грех не выпить!

Ночью в Тульской области заметили полярное сияние

Самарские «Крылья Советов» проиграли «Ахмату»

Поезд раздавил 17-летнего подростка в Московской области